Toyota aerodinamikany gowulandyrmak üçin GR Yaris-i Aero Performance bukjasy bilen üpjün etdi

  • 14.09.2025 20:22
  • 2.8k+

Toyota kompaniýasy Ýaponiýada GR Yaris hetçbegi üçin Aero Performance bukjasyny hödürledi. Toplumy Toyota Gazoo Racing-iň hünärmenleri professional ýaryşa gatnaşyjylar bilen bilelikde işläp taýýarlady, ol modeliň aerodinamiki aýratynlyklaryny gowulandyrmaga gönükdirildi.

Bukjanyň düzümine wentilýasiýaly alýumin kapot, ýokary göteriş güýjüni azaltmak üçin splitter, öňdäki ganatlarda howa kanallary, şeýle-de yzda uly sazlanýan anti-ganat girýär. Ol ýokary tizliklerde we birden tormoz berlende awtomobiliň durnuklylygyny ýokarlandyrýar.
GR Yaris-iň kapotynyň aşagynda 304 at güýjüni berýän (400 Nm) 1,6 litrlik turbo hereketlendirijisi oturdyldy, ol alty basgançakly mehaniki guty ýa-da sekiz basgançakly awtomat bilen işläp bilýär. GR-Four ulgamy ähli tigirler üçin herekete getirijini üpjün edýär. Ulagyň iň ýokary wersiýasy Torsen differensialyny we BBS süýme disklerini hem alar.
Aero Performance bukjasy GR Yaris-iň iki wersiýasy üçin elýeterli bolar – RC we flagman RZ High Performance. Satuw 1-nji oktýabrda başlar. Toplumyň bahasy 495 müň ýena (takmynan, 3 350 dollar) barabar, doly işlenen hetçbegiň bahasy 4,06 mln ýenadan (takmynan, 27,4 müň dollar) başlaýar.  


16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......