Ed Şiran täze albom çykardy we ýogalandan soňky albomynyň hem gamyny iýip başlady

  • 14.09.2025 15:13
  • 3.5k+

Britaniýaly sazanda Ed Şiran täze, karýerasynda eýýäm sekizinji albomyny çykardy. Doly görnüşli reliz “Play” adyny aldy. Ol giňeldilen nusgalar üçin aýdymlary hasaba almasaň, 13 aýdymdan ybarat.

Munuň bilen bir wagtda Zeýna Loui bilen söhbetdeşlikde artist diňe öleninden soň çykjak albomyny öňünden meýilleşdirip başlandygyny aýtdy. Şiran albomy “Eject” diýip atlandyrmagy meýilleşdirýär.
Sazandanyň aýtmagyna görä, albom onuň wesýetnamasynda bar we onuň üçin aýdymlary aýaly Çerri saýlar.
Ol bu albomyň üýtgeşik boljakdygyny, çünki ol öleninden soň kimdir biriniň aýdymlary ýygnap, özi gatnaşmazdan çykarmagyny islemeýändigini aýtdy.
Bu taslamadan başga-da, Şiranyň beýleki albomlar üçin hem pikirleri bar. Ol “Pause”, “Fast Forward”, “Rewind” we “Stop” atlary bilen birnäçe albom çykarmagy meýilleşdirýär. Bu atlar audio pleýeriniň düwmelerini ýatladýar. Bu nukdaýnazardan “Eject” (“Çykarmak”) düwmesi diski pleýerden çykarmak üçin ulanylýar.
Täze “Play” albomy bu seriýada ilkinji boldy. 

şu gün 11:17
2.4k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

şu gün 10:28
722

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

şu gün 09:56
1.2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......