Kanelo – Krouford söweşinde taryhda ilkinji absolýut çempionyň ýüzügi berler

  • 12.09.2025 11:40
  • 7.2k+

Bütindünýä boks geňeşi (WBC) absolýut çempiony üçin taryhda ilkinji ýüzügi hödürledi. Ol ikinji orta agramda titulyň eýesi meksikaly Saul “Kanelo” Alwares bilen amerikaly Terens Kroufordyň arasyndaky söweşiň ýeňijisine berler.

Söweş 14-nji sentýabrda irden Las-Wegasda geçiriler. Ol WBC-niň, Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA Super), Bütindünýa boks guramasynyň (WBO) we Halkara boks federasiýasynyň (IBF) wersiýalary boýunça Alwaresiň titullaryny almak ugrunda bolar.
Ýüzük umumy agramy tas 10 karat bolan daşlar bilen bezeldi we sary altyn bilen çarçuwalandy. Onuň bahasy 100 müň dollar diýlip hasaplanýar. Ýaşyl daşlar ýüzügiň merkezinde WBC-niň guşagyny emele getirýär, üç reňkli gaşlar bolsa WBO-ny, IBF-i we WBA-ny alamatlandyrýar.
Ýüzügiň ýokary bölegi aýrylanda, ring we Krouford hem Kanelonyň familiýalary bilen “Ellijent” stadionynyň “okarasyny” görmek bolýar.


30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....