Ýekşenbede Kanelo – Krouford söweşi bolar. Ol meksikaly söweşijä $150 mln getirer

  • 11.09.2025 16:21
  • 12k+

14-nji sentýabrda Las-Wegasda (Newada ştaty, ABŞ) meksikaly Saul “Kanelo” Alwares bilen amerikaly Terens “Bad” Kroufordyň arasynda söweş geçiriler. Olar ikinji orta agramda (76,2 kg çenli) absolýut dünýä çempiony ady ugrunda göreşer. Bu tutluşyk 2025-nji ýylda dünýä boksunyň iň esasy wakalarynyň biri diýlip atlandyrylýar.

Marca neşiriniň maglumatlaryna görä, söweşiň umumy baýrak gaznasy 200 mln dollar bolar: Alwares $150 mln, Krouford üç esse az – 50 mln dollar alar.

37 ýaşly Kanelo üçin bu karýerasynda rekord mukdardyr: Uilýam Skull bilen geçenki söweşinde ol 100 mln dollar, Gennadiý Golowkin bilen trilogiýada üçünji söweş üçin 45 mln dollar gazandy. Alwares 2025-nji ýylyň maýynda Skully ýeňip, ondan IBF guşagyny aldy we ikinji orta agramda absolýut çempion titulyna eýe boldy. Onuň hasabynda jemi 67 söweş bolup, şolaryň 63-üsinde ýeňdi, ikisinde ýeňildi (Floýd Meýwezer we Dmitriý Biwol) we ikisi deňme-deň tamamlandy.

35 ýaşly Krouford üçin hem 50 mln dollar rekorddyr. Deňeşdirmek üçin: 2023-nji ýylda Errol Spensi ýeňenden soň, ol 25 mln dollar aldy. Krouford iki agram derejesinde – birinji ýarym orta (63,5 kg) we ýarym orta (66,7 kg) agramlarda absolýut çempion adyny alan ilkinji boksçy boldy. Häzir ol birinji orta agramda (69,9 kg) WBA guşagyna we WBO-nyň wagtlaýyn titulyna eýeçilik edýär. Ol 2024-nji ýylyň awgustynda Özbegistandan Israil Madrimowy eminleriň biragyzdan karara gelmegi bilen ýeňdi. Onuň hasabynda 41 söweş we 41 ýeňiş (31-isi nokaut bilen) bar.

Tutluşykdan öň bukmekerler Kroufordyň, häzire çenli ýeňilmedik bolsa-da, birbada iki dereje ýokary galýandygyny göz öňünde tutup, meksikalynyň artykmaçlygy ýokary diýip hasaplaýar. Alwares bolsa özi üçin adaty ikinji orta agramda çykyş edýär.

 Söweş Alwarese diňe bir rekord töleg getirmän, eýsem häzir 600 mln dollara barabar bolan baýlygyny ýene artdyrar. Ol bu pullary diňe bir söweşlerde däl, eýsem hemaýatkärlik şertnamalarynyň, awtomobiller, içgiler we hatda ýangyç stansiýalary boýunça işleriniň üsti bilen gazandy. Krouford bilen duşuşykdan soň onuň baýlygy 750 mln dollara golaýlar.

Bad Krouforda hem kembaha garamak bolmaz. Her niçik-de bolsa, ol birbada dört agram derejesinde çempion, iki gezek absolýut çempion bolup, häzir ilkinji üç gezek jedelsiz dünýä çempiony bolmaga mümkinçilik almak bilen, taryhy rekordyň bosagasynda dur. Taryhda boksçylaryň hiç biri şeýle derejä ýetmändi.

Alwares – Krouford söweşi ýekşenbe güni irden sagat 9:00-da başlar.


30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....