Mýunhende bir metrlik ekranly Mercedes-Benz GLC resmi taýdan çykdy 

  • 11.09.2025 06:43
  • 10k+

Mersedes-Benz kompaniýasy Mýunhen awtoulag sergisinde GLC with EQ Technology atly täze elektrik krossoweriniň doly tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Ol modeliň adaty wersiýasyna batareýaly alternatiwa bolar we satuwy pes EQC-iň ornuny tutar. Flagman görnüşleriniň birinde täze önüm 713 kilometr energiýa ätiýaçlygyny aldy.

Hatarda ilkinji bolup kuwwaty 489 at güýçli goşa motorly gurnamaly GLC 400 4Matic çykdy. Geljekde bu maşgala bäş modifikasiýa çenli giňeldiler. Elektrikli awtoulag üçin sygymy 94 kWt·s bolan we 10 minutda kuwwat ätiýaçlygyny 300 km-e ýeterlik doldurmaga ukyply batareýa bilen üpjün edilendir.
Awtoulag, ýolsuz ýerlerde sürmek üçin niýetlenen Terrain režimini hem goşmak bilen, bäş sürüş režimi, şeýle hem öwrüm radiusyny azaldýan dolandyrylýan yzky tekerler ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Podweskada beýleki Mersedes-Benz awtoulaglarynyň we Google Kartalar nawigasiýasynyň maglumatlary esasynda işleýän, S-Class-yň adaptasiýa amortizatorly pnewmoelementleri  ulanylýar.
Salonynyň içi giňeldildi we panoramaly üçegi bar.
Ýokarky wersiýalarynda üç ekrany birleşdirýän 39 dýuým (99,3 sm) Hyperscreen ekrany bar. Esasy komplektasiýasy has tanyş ekranlar toplumyny alar. Burmester akustikasy Dolby Atmos goldawly 4D sesi berer.
Mercedes-Benz Microsoft-yň we Google-yň AI elementli täzelenen MBUX ulgamyny ulandy. Şeýle hem täze oturgyçlar, dürli bezegler we gaýtadan işlenen çig maldan ýasalan materiallar hödürlenýär.
Ýewropada satuwlar indiki ýylyň birinji ýarymynda başlar, soň bolsa model Demirgazyk Amerikada we Ýakyn Gündogarda peýda bolar. Bahasy entek yglan edilmedi.


20.06.2026 12:20
3.5k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....