Apple täze AirPods Pro 3 nauşnigini hödürledi – bu soňky üç ýylda hataryň ilkinji uly täzelenmesi boldy.
Sesi ýatyryş
Kompaniýa täze nauşnigiň “simsiz nauşnikleriň arasynda dünýäde iň gowy işjeň sesi ýatyryş” funksiýasyna eýe bolandygyny aýdýar. Onuň netijeliligi AirPods Pro 2 bilen deňeşdirilende iki esse ýokarlandy. Munuň üçin inženerler mikrofon ulgamyny kämilleşdirip, täze ambuşýura goşdy.
Korpusyň gurluşy hem gaýtadan işlendi: nauşnikler gulakda ykjam oturyp, türgenleşik wagty durnukly saklanmaly. Ambuşýuralar bäş ölçegde, şol sanda XXS hödürlenýär. Model IP57 ülňüsi boýunça suwdan we tozandan goragly.
Awtonomlyk
AirPods Pro 3 sesi ýatyrmak funksiýasy işjeňleşdirilen ýagdaýda bir zarýadda sekiz sagada çenli işleýär – bu öňki nesilden üçden bir köpdür. Eşidiş enjamy režiminde iş wagty 10 sagada çenli artýar.
Sport üçin funksiýalar
Nauşniklerde ýürek ritminiň datçigi oturdyldy, ol türgenleşik wagty pulsy ölçemäge mümkinçilik berýär. Ulgam 50 görnüşli işjeňligi yzarlamagy goldaýar.
Hakyky wagtda terjime
Esasy aýratynlyk – hakyky wagtda terjime etmek funksiýasy. Eger AirPods Pro 3 söhbetdeşlige gatnaşýanlaryň ählisinde bar bolsa, daşary ýurtly söhbetdeş bilen tebigy ýagdaýda gürleşip bolýar. Eger gurluş diňe birinde bar bolsa, onda terjime edilen jogaplar iPhone-yň ekranynda görkezilýär.
Ilkibaşda iňlis, fransuz, nemes, portugal we ispan dilleri goldanylýar. 2025-nji ýylyň ahyryna çenli kompaniýa italýan, ýapon, koreý we hytaý dillerini goşmagy wada berýär.
Deslapky sargyt eýýäm açyk, satuw 19-njy sentýabrda başlar. Nauşnigiň bahasy 249 dollara barabar.