BWM Toyota bilen bilelikde döredilen düýbünden täze wodorod hereketlendirijisini görkezdi

  • düýn 10:41
  • 4.5k+

BMW awtoöndürijisi Toyota bilen bilelikde döredilen üçünji nesil täze wodorod hereketlendirijisiniň suratyny hödürledi. Onuň yzygiderli önümçiligine 2028-nji ýylda başlamak meýilleşdirilýär. BMW-niň Mýunhendäki we Ştaýrdaky merkezleri eýýäm ilkinji prototipleri ýygnamaga girişdi.

BMW AG-yň täze ulgamyň döredilmegine gözegçilik edýän dolandyryş geňeşiniň agzasy Ýoahim Post wodorod hereketlendirijisiniň kompaniýanyň portfeline nol zyňyndylary bolan ýene bir ýokary öndürijilikli herekete getiriji ulgamy goşjakdygyny belledi.
Bu awtomobilleriň atmosfera zyýanly gazlar bolmazdan işlejekdigini, ýöne şol bir wagtyň özünde tiz we ygtybarly boljakdygyny aňladýar.
Täze wodorod hereketlendirijisi üçin herekete getiriji ulgamy BMW Group bilen Toyota bilelikde döredýär. Onuň esasy aýratynlyklarynyň arasynda şular bar:

  • ·Ykjamlyk: ýangyç elementleriniň meýdany, takmynan, 25% azaldy, şonuň netijesinde hereketlendiriji öňki nesil bilen deňeşdirilende has ykjam boldy.
  • ·Ýokary integrasiýa: hereketlendiriji dürli awtomobil modellerine aňsatlyk bilen gurnalýar, bu hem wodorody dürli ulaglarda benziniň, dizeliň we elektrigiň deregine ulanmaga mümkinçilik berer.
  • ·Optimizasiýa we netijelilik: ýol ätiýaçlygy we kuwwat artdyryldy, ýangyjyň sarp edilişi ikinji nesil ulgam bilen deňeşdirilende azaldyldy.

Häzirki wagtda prototipler ýygnalýar we synagdan geçirilýär. Olar hem aýratyn, hem bellibir awtomobilleriň düzüminde synalýar. BMW hile, önümçilik mümkinçiliklerine we seriýaly çykarmaga taýýarlyga uly üns berýär. 


04.09.2025 19:10
3k+

Consumer Reports awtoulag brendleriniň ygtybarlylygy bilen meşhurlygynyň arasyndaky boşlugy görkezdi

Amerikanyň Consumer Reports telekeçilik däl guramasy tarapyndan geçirilen barlagyň netijeleri awtoulag eýeleriniň kanagatlanma derejesi bilen ulaglaryň  hakyky ygtybarlylygynyň arasynda ep-esli boşlugyň bardygyny görkezdi...

03.09.2025 23:41
6.5k+

Toyota çekiçkelle akula äheňinde Aqua hetçbegini çykardy

Toyota kompaniýasy Ýaponiýada dört ýyl mundan ozal görkezilen Aqua hetçbeginiň ikinji nesliniň täzelenen görnüşini hödürledi. Awtoulag Yaris we Yaris Cross modelleri bilen umumy bolan TNGA-B platformasynda guruldy...

31.08.2025 08:54
5.8k+

2026-njy ýylyň BMW X1-i we iX1-i täze dizaýny, opsiýalary aldy. Bahasy 39,9 müň dollar

BMW kompaniýasy 2026-njy model ýylynyň täzelenen X1 we iX1 krossowerlerini hödürledi. X1-iň benzin görnüşiniň bahasy takmynan 42 200 dollardan başlaýar, elektrik iX1 39 900 dollardan satylýar diýip, ITHome ýazýar...

27.08.2025 15:21
6.7k+

Nemes týunerleri Toyota Land Cruiser Prado-nyň ýerden beýikligini 50 millimetr artdyrdylar

Germaniýanyň Delta 4x4 atelýesi Toyota Land Cruiser Prado-nyň soňky nesli üçin üýtgeşmeler toplumyny hödürledi. Wnedorožnik döwrebaplaşdyrylan podweskany, kuzowyň goragyny we goşmaça esbaplary aldy. Bukjanyň bahasy entek mälim edilmedi...