Toyota çekiçkelle akula äheňinde Aqua hetçbegini çykardy

  • 03.09.2025 23:41
  • 7.5k+

Toyota kompaniýasy Ýaponiýada dört ýyl mundan ozal görkezilen Aqua hetçbeginiň ikinji nesliniň täzelenen görnüşini hödürledi. Awtoulag Yaris we Yaris Cross modelleri bilen umumy bolan TNGA-B platformasynda guruldy. Awtoulag öz-özüne zarýad berýän gibrid ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.

Esasy üýtgeşiklik, öň tarapynyň "çekiçkelle akula" firma stilinde edilen täze dizaýny boldy. Salon kämilleşdirildi: indi adaty enjamlara 7 dýuýmlyk sanly gural paneli girýär we merkezi displeýiň ululygy 8-den 10,5 dýuýma çenli üýtgeýär. Şeýle hem awtoulag elektron duralga tormozy we täzelenen Toyota Safety Sense 3.0 howpsuzlyk ulgamy toplumyny aldy.
Hetçbek gibrid gurnamasyny saklady: 91 at güýji bolan 1,5 litrlik benzinli hereketlendiriji, 80 at güýçli elektrik hereketlendirijisi we batareýa. Öň tekerleri hereketli we E-Four ulgamly görnüşi bar, bu ýerde yzky okda goşmaça 6 at güýji bolan elektrik hereketlendirijisi oturdylýar. Tormoz berlende rahatlyk üçin Century krossowerinden alnan  Smooth Stop Control ulgamy ornaşdyryldy.
Ýaponiýada täzelenen Toyota Aqua-ny eýýäm sargyt edip bolýar. Öň tekerleri hereketli wersiýa üçin bahalar 2,49 million ienden (16,700 dollar) we tekerleri doly hereketli modifikasiýa üçin 3,02 million ienden (20,300 dollar) başlaýar.
Mundan başga-da, Modellista bölüminiň markaly týuning-toplumy, obwes, tiger diskalary we içki elementler hödürlenýär. Bahasy 350 müň ýenadan (takmynan 2355 dollar töweregi) geçýär.


düýn 21:15
2k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....