Nemes týunerleri Toyota Land Cruiser Prado-nyň ýerden beýikligini 50 millimetr artdyrdylar

  • 27.08.2025 15:21
  • 7.3k+

Germaniýanyň Delta 4x4 atelýesi Toyota Land Cruiser Prado-nyň soňky nesli üçin üýtgeşmeler toplumyny hödürledi. Wnedorožnik döwrebaplaşdyrylan podweskany, kuzowyň goragyny we goşmaça esbaplary aldy. Bukjanyň bahasy entek mälim edilmedi.

Podweska ýerden beýikligini 50 millimetr ýokarlandyran Reiger komponentleri bilen enjamlaşdyryldy. Wnedorožnike BFGoodrich şinaly 18 dýuýmlyk Hanma tekerleri dakyldy. Týunerleriň sözlerine görä, çalt aýryp ýa-da dakyp bolýan teker arka giňeltmeleri gerek boldy.
Öňki bamperde ÝB ýurtlarynda ulanmak üçin kepillendirilen gorag arkasy bar. Oňa Warn ýük galdyryjysyny oturdyp bolýar. Mundan başga-da, düýbüni goramak üçin tirkeg çekiji prouşinaly ullakan metal plastinka ýasaldy.

Aksessuarlar kapotda hem-de ätiýaçlyk teker we sendtrak berkidilen ekspedisiýa ýükdanynda  goýlan goşmaça yşyklandyryşlary öz içine alýar.
Kompaniýa görkezme modelde haýsy hereketlendirijiniň oturdylandygyny anyk aýtmady. Iýun aýynda Toyota-nyň Ýewropa bölüminiň Prado-nyň hereketlendiriji hatarynyň giňeldilendigini mälim etdi. Onuň 16 at güýji bolan elektrik hereketlendirijili 2,8 litrlik dizel esasly gibrid bilen üsti ýetiriler.


düýn 21:15
2k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....