Samsung täze dizaýn bilen Galaxy Tab S11 we S11 Ultra planşetlerini çykardy

  • 05.09.2025 10:46
  • 3.2k+

Samsung täze önümleriniň güýzki tanyşdyrylyşynda iki modelden – Tab S11 we S11 Ultra modellerinden ybarat bolan Galaxy Tab S11 planşet hataryny hödürledi.

Gurluşlaryň ikisi-de berk alýuminden korpusa we IP68 ülňüsi boýunça suwdan hem tozandan goraga eýe boldy.
Planşetleriň dizaýny inçe we ýeňil boldy: eger Tab S10 Ultra-nyň agramy 5,4 mm ýogynlykda 723 gram bolan bolsa, Tab S11 Ultra-nyň agramy 5,1 mm ýogynlykda 692 gram boldy. Şol bir wagtyň özünde, akkumulýator sygymy 400 mA/sag artdyryldy. Tab S11 0,1 mm inçe we 94 gram ýeňil boldy.
Täze modeller Dimensity 9300+ çibinde işleýär we öňki ýat göwrümlerini saklap galdy. Planşetler dört dinamik we ekranasty barmak yzynyň skaneri bilen üpjün edildi.
Galaxy Tab hatarynda ilkinji gezek “Sinhron terjime” we “Meniň günüm” (Now Brief) funksiýasy peýda boldy. Şeýle-de, Samsung planşetler üçin DeX režimini kämilleşdirdi: indi programmalar ululygyny we ýagdaýyny üýtgetmek mümkinçiligi bilen aýratyn penjirelerde açylýar.
Täzelenen S Pen ýelegi tutmak üçin rahat bolar ýaly altyburçly profile eýe boldy. Ekranyň islendik ýerinden bellik depderçesini açmak, surat çekmek we golýazma galdyrmak bolýar.
Planşetler çal we kümüşsöw görnüşlerde çykarylýar. Goşmaça Book Cover Keyboard, Book Cover we Frame Cover daşlyklary hödürlenýär.
Gurluşlar eýýäm ABŞ-da satuwa çykdy, beýleki ýurtlarda bolsa şu hepde peýda bolar. Bahalar Tab S11 üçin 799,99 dollardan, Tab S11 Ultra üçin 1199,99 dollardan başlaýar. 


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...