Samsung kompaniýasy Galaxy S25 FE subflagman smartfonyny hödürledi

  • 05.09.2025 10:45
  • 5.1k+

Samsung Electronics kompaniýasy subflagmanlar kategoriýasyna degişli bolan Galaxy S25 FE smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, täze smartfon emeli aň tehnologiýalaryny giň köpçülik üçin has elýeterli eder.

Galaxy S25 FE multimodal kömekçileri we şahsylaşdyrylan teklipleri birleşdirýän Galaxy AI ulgamy bilen üpjün edildi. Gurluş sesi, sensor dolandyryşyny we wizual seljermäni birleşdirýän One UI 8 interfeýsinde işleýär. Esasy funksiýalaryň arasynda şular bar:

  • ·Gemini Live – kamera arkaly predmetleri tanaýar we ol baradaky soraglara jogap berýär;
  • ·Now Bar wijeti – gönüden-göni gulplanan ekranda ähmiýetli maglumatlary görkezýär;
  • ·Now Brief – şahsylaşdyrylan maglumat: günüň dowamynda peýdaly teklipleri düzýär;
  • ·Circle to Search guraly – dowam edip duran işiň arasyny üzmezden gözleg.

Surat we wideo düşürmek üçin smartfon üç esasy kamera bilen üpjün edildi: 50 Mp, 8 Mp (telefoto) we 12 Mp (ultra giňburçly). Frontal kamera – 12 Mp. Gurnalan EA gurallary suratdaky obýektleri aýyrmak üçin Generative Edit-i, islendik klipden haýallaşdyrmany, sesi arassalamak üçin Audio Eraser-i we iň gowy kadrlary awtomatik saýlamak üçin Auto Trim-i öz içine alýar.
Model 120 Gs täzelenme ýygylygy bilen 6,7 dýuýmlyk Dynamic AMOLED 2X displeýine, 45 Wt çalt zarýad alyş goldawy bilen 4900 mA/sag sygymly akkumulýatora, Exynos 2400 prosessoryna we 10% ýokarlandyrylan sowadyş ulgamyna eýe boldy. Korpus berk alýuminden ýasaldy, gorag derejesi IP68 ülňüsine laýyk gelýär.
Galaxy S25 FE 7 ýylyň dowamynda täzelener we dört görnüşde hödürlendi: gök, mawy, gara we ak.
Smartfon birnäçe ýurtda satuwa çykar. Onuň bahasy 128 GB fleş-ýatly wersiýa üçin 749 ýewrodan başlaýar. 


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...