Samsung ilkinji üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonyny oktýabrda hödürlär

  • 04.09.2025 19:49
  • 6.1k+

Samsung öz taryhynda ilkinji üç eplenýän smartfony bolan Galaxy Z TriFold-y 2025-nji ýylyň oktýabrynda Unpacked çäresinde görkezmegi meýilleşdirýär. Gurluşyň satuwy bir aýdan soň başlamaly diýip, ET News habar berýär.

Kompaniýa bazaryň täze dizaýny kabul edişine baha bermek we bolup biljek kynçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak üçin häzirlikçe 50 000 birlik çykarmagy meýilleşdirýär. Şeýle-de, bu çözgüt iýulda çykan we gowy netijeleri görkezen Galaxy Z Fold 7 smartfonynyň satuwyny gowşatmazlyk islegi bilen baglanyşyklydyr.
Ilkibaşda smartfonyň diňe Günorta Koreýada we Hytaýda satylmagyna garaşylýar.
Syzma maglumatlara görä, Galaxy Z TriFold iki şarniriň kömegi bilen üç eplenýän 9,96 dýuýmlyk esasy displeý we 6,49 dýuýmlyk goşmaça ekran bilen üpjün edildi. Şeýle gurluş ekranynyň bir bölegi daşyna eplenýän Huawei Mate XT Ultimate bilen deňeşdirilende has berk hasaplanýar.
Maglumatlaryň biri ilkinji gezek geljekki modeliň epleniş we açylyş prosesini görkezdi. Kadrlarda displeýiň birinji paneliniň ikinjiniň üstünden eplenýändigi, soňra ikisiniň bilelikde üçünji paneliň üstünden ýapylýandygy görünýär. Şeýle çemeleşme diňe bir bäsdeşleriň dizaýnyndan däl, eýsem Galaxy Z TriFold-yň gurluşy baradaky öňki gürrüňlerden hem tapawutlanýar.
Gurluş Galaxy üçin Snapdragon 8 Elite prosessorynyň esasynda işleýär. Şeýle-de, simsiz zarýad beriş we beýleki enjamlara simsiz zarýad beriş goldawynyň, NFC tehnologiýasynyň bolmagyna garaşylýar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...