Xiaomi aşa gyzyp, ot alma töwekgelçiligi sebäpli 150 müň töweregi pauerbankyny yzyna ýygnaýar

  • 03.09.2025 17:10
  • 4.2k+

Xiaomi kompaniýasy 2024-nji ýylyň awgust-sentýabr aýlary aralygynda öndürilen 147000 töweregi daşky PB2030MI akkumulýatorlarynyň köpçülikleýin yzyna ýygnalýandygyny habar berdi. Enjamlar potratçylaryň biriniň öndüren, ekstremal temperaturada synagdan geçip bilmedik we käbir ýagdaýlarda çenden aşa gyzýan, ot alýan ýa-da ýarylýan, 126280 belgili 2,0 batareýa bilen iberilipdi.

Pauerbank tomusda Günüň astynda ýa-da gyşda sowukda galsa, töwekgelçilik has ýokarydyr. Hasaba alnan ýagdaýlaryň köp däldigine garamazdan, kompaniýa ulanyjylaryň howpsuzlygy üçin olary yzyna gaýtarmak kampaniýasyny geçirmek kararyna geldi.
Hytaýyň agzalan tapgyrdan enjamlary bolan ilatyna olary doly yzyna gaýtarmak we olaryň öwezini dolup bermek teklip edilýär. Pauerbankyň yza ýygnalýanlaryň sanawyna girýänini-girmeýänini enjamyň seriýa belgisini girizmek bilen resmi Mi Store programmasy arkaly ýa-da goldaw hyzmatyna jaň edip barlap bolýar.
PB2030MI modeli daşary ýurtlarda hem satylýar. Eýelerine önümiň öndürilen senesine we enjamyň içindäki batareýa üns bermek maslahat berilýär. Şübhelenilen ýagdaýynda pauerbanky, esasanam, gije gözegçiliksiz zarýada goýmaň we ulananyňyzda aşa gyzdyrmakdan gaça duruň.
Elektronikada batareýa bilen bagly ýüze çykýan kemçilikler az däl. Soňky aýlarda şuňa meňzeş ýagdaýlar beýleki öndürijiler tarapyndan hasaba alyndy, Hytaýda bolsa batareýany tassyklatmaga bolan talaplar üýtgedildi. Ulanyjylara, hatda kadaly işleýän hem bolsa, kemçilikli topara degişli enjamlary yzyna gaýtarmak ýa-da utilizasiýa etmek maslahat berilýär.
Şeýle hem zarýad berlende korpusynyň temperaturasyna gözegçilik etmeli: gyzan ýagdaýynda, gowusy, ulanmagy bes etmeli. Doly zarýad bermek we zarýad bermek babatdaky köne maslahatlar bu ýerde ýerliksizdir, çünki sebäp batareýanyň gurluşy bilen bagly.
Resmi yzyna çagyryş zolagyna girmeýän, satyn alnan pauerbanklaryň eýelerine hem onuň ýagdaýyna indiwidual baha berdirmek üçin öndürijä ýüz tutmak maslahat berilýär. Esasy zat - enjamy ulananyňyzda howpsuzlygy berjaý etmek.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...