Awgust aýynda dünýäde iň gymmatlan harytlar belli boldy

  • 03.09.2025 12:26
  • 5.6k+

Awgust aýynyň jemi boýunça dünýä bazarlarynda has gymmatlan haryt kofe boldy. Bu barada ICE Futures, CME Group biržalarynyň we Şanhaýyň metal biržasynyň maglumatlaryna salgylanyp, “RIA Nowosti” habar berýär.

Robusta kofesiniň bahasy bir aýda 1,5 esse, arabika kofesiniň bahasy bolsa 29% ýokarlandy.
Metallaryň arasynda magnit önümçiliginde ulanylýan neodim has güýçli gymmatlady, onuň bahasy 20% ýokarlandy. Litiniň bahasy 9,2%, erginler we katalizatorlar üçin ulanylýan molibden bolsa 7,7% gymmatlady.
Şol bir wagtyň özünde, tomsuň soňky aýynda esasy energiýa çeşmeleri arzanlady. Nýu-Ýorkuň haryt biržasynda benzin bahasyndan 13,2% ýitirdi, WTI söwda belgili nebit 8,5%, Brent 8% arzanlady.
Iň uly pese gaçyş pilomateriallaryň bazarynda bolup geçdi, bu ýerde bahalar 19,2% arzanlady. Mis bahasyndan 18,3% ýitirdi.
“Nilsen” kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň iýunyndan 2025-nji ýylyň maýy aralygynda bölek satuwda ereýän kofeniň hakyky satuwy geçen döwür bilen deňeşdirilende 4,9% peseldi. Şeýle-de bolsa, kofe bolan isleg ýokary bolmagynda galýar: ýylyň dowamynda kofeniň ähli görnüşleriniň bölek satuwy 1,3% ýokarlandy.  

şu gün 11:17
2.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

şu gün 10:28
886

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

şu gün 09:56
1.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......