“Men Garri Potter däl”: Erik ten Hag üç oýundan soň “Baýeriň” tälimçisi wezipesinden boşadyldy

  • 01.09.2025 19:09
  • 10k+

Niderlandly Erik ten Hag Lewerkuzeniň “Baýeriniň” baş tälimçisi wezipesinden aýryldy. Klubuň baş müdiri Fernando Karro şeýle çözgüdiň agyr bolsa-da, zerur ädimdigini belledi diýip, klubuň metbugat gullugy habar berýär.

Ten Hag toparyň başynda bary-ýogy üç resmi oýun geçirdi. Germaniýanyň Kubogynda “Baýer” dördünji diwiziondan “Zonnenhof Grossaspahy” utdy, çempionatda bolsa “Hoffenhaýmdan” utulyp (1:2) we “Werder” bilen deňme-deň (3:3) oýnap, iki tapgyrda bir utuk gazandy. Bu Bundesliganyň taryhynda möwsüm aralygynda topara ýolbaşçy bolan tälimçiniň ilkinji gezek ýaryşyň iki oýnundan soň işden çykarylmagy boldy diýip, Opta belleýär.
Möwsüm başlamazdan ozal “Baýer” Florian Wirts, Jeremi Frimpong we Granit Jaka ýaly esasy oýunçylaryndan aýryldy.
Ten Hag kluba Habi Alonso Madridiň “Realyna” gideninden soň tälimçi boldy.
“Baýer” niderlandly hünärmen üçin 2024-nji ýylyň güýzünde “Mançester Ýunaýtedden” gaýdanyndan soň birinji iş ýeri boldy. Möwsümiň birinji oýnundan öň tälimçi topary derrew düzüp, netije gazanar ýaly özüniň Garri Potter däldigini duýdurdy.
Ten Hag J.K.Roulingiň meşhur kitaplaryndan jadygöý oglany birinji gezek agzanok. Ol 2024-nji ýylyň sentýabrynda hem “Mançester Ýunaýted” “Liwerpuldan” utulandan soň (0:3), özüniň Garri Potter däldigini ýaňzydypdy. Şol ýylyň oktýabrynda ol wezipeden boşadyldy.  


şu gün 14:15
4.6k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

düýn 15:15
11k+

Dünýä çempionatyndaky ilkinji oýnundan öň Angliýanyň milli ýygyndysynyň goşlary ogurlandy

Angliýanyň milli ýygyndysy ABŞ-da geçiriljek dünýä çempionatynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda sport lybaslarynyň we enjamlarynyň ogurlanmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Britaniýanyň «Daily Mail» gazetiniň ýazmagyna......

13.06.2026 17:07
12k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

13.06.2026 16:24
7.4k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......