Tramp binagärligiň nusgawy stilini ABŞ-nyň federal edaralary üçin esasy etdi

  • 01.09.2025 16:44
  • 4.3k+

ABŞ-nyň Prezident administrasiýasy nusgawy binagärligi federal binalary gurmakda ileri tutulýan stil diýip yglan edýän permany çykardy.

Resminama Making Federal Architecture Beautiful Again (Federal binagärligi ýene ajap edeliň) adyny aldy we Donald Trampyň saýlawdan öňki Make America Great Again (Amerikany ýene beýik edeliň) şygary bilen gabat gelýär.
Permanda Jorj Waşingtonyň we Tomas Jeffersonyň paýtagtyň esasy hökümet binalaryny taslamak üçin Gadymy Gresiýanyň we Rimiň binagärlik nusgalaryna ýüzlenendigi aýdylýar. Şeýle-de, Amerikanyň jemgyýetçilik binalarynyň halka “ylham berip”, demokratiýany alamatlandyrmalydygy bellenilýär.
Şol bir wagtyň özünde, XX asyryň ikinji ýarymynyň binagärligi, hususan-da, brutalizm we dekonstruktiwizm “amerikalylaryň arasynda meşhur däl” we “döwletiň mertebesini we durnuklylygyny” görkezmeýän hökmünde Prezident tarapyndan ýiti tankyda sezewar edildi.
Täze syýasaty durmuşa geçirmek üçin Waşington nusgawy binagärlik boýunça ýörite geňeşçi bellär. Nusgawy däl taslamalara goşmaça barlag garaşýar: olaryň gutarnykly tassyklanmagy Prezidente geçirmek üçin 30 gün togtadylar. Şeýle taslamalaryň awtorlary näme üçin adaty görnüşiň ret edilendigi barada jikme-jik düşündiriş bermeli we olaryň ABŞ-nyň gymmatlyklaryna laýyk gelýändigini subut etmeli bolar. 


19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......