Samsung-yň Galaxy S26 Pro, Edge we Ultra flagmanlary öňkülerden inçe bolar

  • 01.09.2025 14:12
  • 10k+

SammyGuru çeşmesi geljekki Samsung Galaxy S26 flagmanlarynyň hatary barada täze maglumatlary berdi. Olaryň esasy aýratynlygy Galaxy S25 hatary bilen deňeşdirilende korpuslarynyň inçe bolmagy boldy.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä:

  • Galaxy S26 Pro-nyň korpusynyň ýogynlygy 6,7 mm bolar (Galaxy S25 – 7,2 mm);
  • Galaxy S26 Edge 5,5 mm ýogynlykda bolar (Galaxy S25 Edge – 5,8 mm), şol bir wagtyň özünde akkumulýator sygymy 3900-dan 4200 mA/sag çenli ýokarlanar;
  • Galaxy S26 Ultra-nyň ýogynlygy 7,8 mm bolar (Galaxy S25 Ultra – 8,2 mm).

Galaxy S26 hatarynyň premýerasynyň 2026-njy ýylyň başynda bolmagyna garaşylýar. Ýatlap geçsek, tiz wagtdan, 4-nji sentýabrda kompaniýa Galaxy S25 FE smartfonyny we Galaxy Tab S11 we Galaxy Tab S11 Ultra planşetlerini hödürlär. 


12.05.2026 14:43
7.2k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...