Günorta Koreýa mekdeplerde smartfonlaryň ulanylmagyny gadagan eder

  • 31.08.2025 20:31
  • 4.6k+

Günorta Koreýanyň Milli mejlisi täze okuw ýylyndan mekdep okuwçylary tarapyndan smartfonlaryň we beýleki sanly gurluşlaryň ulanylmagyny çäklendirýän gaýtadan seredilen kanuny tassyklady. Bu barada Yonhap agentligi habar berýär.

Çäklendirme gajetleriň çagalara we ýetginjeklere ýetirip biljek zyýany barada howatyrlanma sebäpli girizilýär.
1-nji martdan başlangyç, orta we uly mekdepleriň okuwçylaryna sapak wagtynda smartfonlary we şuňa meňzeş gurallary ulanmak gadagan edilýär diýlip, Respublikanyň Bilim ministrliginde habar berildi. Belläp geçsek, Günorta Koreýada okuw ýyly köp ýurtlarda bolşy ýaly güýzde däl-de, martda başlaýar.
Ozal 2023-nji ýylyň sentýabryndan ministrlik ykjam elektronikanyň sapaklarda ulanylmagyna çäklendirme girizipdi. Kanuna täze düzedişler bu düzgüneri kanuny derejede berkitmäge gönükdirilendir.
Şol bir wagtyň özünde kanunda kadadan çykma hem göz öňünde tutulýar: gurluşlary maýyp okuwçylara, adatdan daşary ýagdaýlarda ýa-da bilim maksatly ulanmaga rugsat berilýär.


15.06.2026 19:47
3.4k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......

09.06.2026 23:10
2.7k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

27.05.2026 00:21
4.1k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

13.05.2026 12:16
4k+

Koreýaly futbolçy bir aýagy bilen topy 60 sekuntda 363 gezek galdyryp rekord goýdy

Günorta Koreýaly futbolçy Çžan Wu Son üýtgeşik üstünlik bilen resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bir minudyň içinde topy bir aýagynda 363 gezek galdyrmagy başardy....