Google Android-e tassyklanmadyk işläp düzüjileriň programmalaryny guramagy gadagan edýär

  • 31.08.2025 08:51
  • 2.4k+

Google Android üçin programmalary barlamak ulgamyny girizmegi meýilleşdirýär. Bu onuň taryhynda ekoulgamdaky iň uly üýtgeşme bolar.

Indi kepillendirilen enjamlara diňe tassyklanan işläp düzüjileriň programmalary guralyp bilner. “Kepillendirilen” diýlende öňünden guralan Google hyzmatlary bolan ähli Android telefonlary we planşetleri göz öňünde tutulýar.
Ulgamy synag etmeklik 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda irki giriş görnüşinde başlanar. 2026-njy ýylyň mart aýyna çenli işläp düzüjiler täzelenen konsola girip bilerler, şol ýerde şahsyýetini tassyklatmaly we gol açarlaryny goşmak bilen, programma maglumatlaryny hasaba aldyrmaly bolarlar. Ony 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda Braziliýada, Indoneziýada, Singapurda we Taýlandda işe girizmek meýilleşdirilýär. Eger durmuşa ornaşdyrmak üstünlikli geçse, bu talap 2027-nji ýyla çenli dünýä möçberinde bolar.
Barlamak prosesi Android-iň işläp düzüjisiniň optimallaşdyrylan konsoly arkaly amala aşyrylar. Şahsyýet tassyklanmazdan, programma enjamlaryň köpüsine gurlup bilinmez. Şol bir wagtyň özünde, Google programmalaryň mazmunyny ýa-da işleýşini barlamaz, hut hökmany zat işläp düzüjiniň şahsyýeti bolar.
Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, Play Store-nyň daşyndan göçürilen programmalarda zyýanly programma üpjünçiligi 50 esse köp duşýar.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

05.05.2026 15:24
993

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....