Esasy transferler: Simons “Tottenhemiň” oýunçysy boldy, Garnaço “Çelsä” geçýär

  • 30.08.2025 18:01
  • 5.7k+

“Tottenhem” resmi taýdan 22 ýaşly hüjümçi Hawi Simons bilen şertnama baglaşandygyny habar berdi. Klub “RB Leýpsige” 52 mln funt (60 mln ýewrodan gowrak) tölär. Futbolçy ýene iki möwsüm uzaltmak mümkinçiligi bilen bäşýyllyk şertnama baglaşdy. Simonsyň hepdelik haky 200 müň funta barabar bolup, bu ony klubuň iň köp hak alýan oýunçylarynyň birine öwürýär.

Simons Amsterdamda doguldy we Niderlandlaryň milli ýygyndysy üçin oýnaýar, ýöne “Barselonanyň” we “PSŽ-niň” ýetişdiren oýunçysy. Onuň esasy orny – hüjümçi ýarymgoragçy bolup, ol hüjümiň çep flangynda hem oýnap bilýär. “Tottenhemde” Simons Son Hyn Mine degişli bolan 7-nji belgide oýnar.
Şeýle-de, KHBS argentinaly winger Alehandro Garnaçonyň “Mançester Ýunaýtedden” “Çelsä” geçýändigini habar berýär. Transfer mukdary 40 mln funt sterling (takmynan, 46,26 mln ýewro) bolar diýip, insaýder Fabrisio Romano habar berýär.
Garnaço London kluby bilen 2032-nji ýylyň ortasyna çenli şertnama baglaşar. Resmi bildirişiň ýakynda bolmagyna garaşylýar.
Soňky günleriň başga belli transferleri:

  • “Ştutgartyň” hüjümçisi Nik Woltemade goşmaça bonus bilen 80 mln ýewrodan gowrak mukdara “Nýukasla” geçýär.
  • “Lesteriň” öňki hüjümçisi Jeými Wardi möwsümiň ahyryna çenli “Kremoneze” italýan toparyna geçýär.
  • Kristofer Nkunku “Çelsini” galdyryp, goşmaça bonus bilen 35 mln ýewro “Milan” bilen bäşýyllyk şertnama baglaşýar.
  • “Barselona” Inýaki Penýany “Elçe” klubuna bir möwsüm kärendesine berýär; mundan öň derwezeban şertnamany 2029-njy ýylyň iýunyna çenli uzaltdy.
  • “Baýer” “Realyň” öňki oýunçysy, 34 ýaşly sag goragçy Lukas Waskes bilen 2027-nji ýyla çenli şertnama baglaşdy.
  • Ýarymgoragçy Ebereçi Eze 69,25 mln ýewro “Kristal Pelasdan” “Arsenala” geçdi. Ol toparda 10-njy belgini aldy. 

düýn 15:24
6k+

FIFA-nyň prezidenti 2026-nyň dünýä çempionatynyň biletleriniň gymmat bolmagynyň sebäbini düşündirdi

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň oýunlaryna biletleriň gymmat bolmagynyň guramanyň maliýe gurluşy bilen baglydygyny, sebäbi bu ýaryşyň gurama üçin ýeke-täk girdeji......

19.04.2026 15:02
4.3k+

«Çelsiniň» baş kompaniýasy 630 million funt sterling möçberde zyýan çekdi

«Çelsi» futbol klubunyň baş kompaniýasy bolan BlueCo 22 2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanan maliýe ýylynyň netijeleri boýunça 630 million funt sterling möçberinde zyýan çekendigini hasaba aldy....

19.04.2026 14:05
8.6k+

«Real Sosýedad» Ispaniýanyň Kubogyny aldy: 14-nji sekuntda geçirilen gol rekordy täzeledi

«Real Sosýedad» Ispaniýanyň Kubogynyň final duşuşygynda penalti tapgyrynda Madridiň «Atletikosyny» ýeňlişe sezewar etdi....

19.04.2026 11:18
3k+

AFK-nyň Elita Çempionlar ligasynda gatnaşyjylaryň sanyny 32-ä ýetirmek meýilleşdirilýär

Aziýa futbol konfederasiýasynyň Ýaryşlar komiteti 2026/27 möwsüminden başlap, Elita Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyryna gatnaşyjylaryň sanyny 24-den 32-ä çenli köpeltmegi maslahat berdi....