Honor 1999 ýewrodan inçe Magic V5 eplenýän smartfonynyň global satuwyna başlady

  • 30.08.2025 18:04
  • 3.1k+

Honor kompaniýasy dünýäde iň inçe eplenýän smartfon hökmünde mahabatlandyrylýan Magic V5 smartfonynyň global satuwyna başlady. Bir aý ozal ol Hytaýda çykypdy, häzir bolsa Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesinde elýeterli boldy.

Ýewropada Magic V5-iň bahasy 1999 ýewrodan, Beýik Britaniýada 1699,99 funt sterlingden başlaýar. Käbir satyjylar aksiýa geçirýär: ilkinji alyjylar sowgat hökmünde simsiz nauşnik ýa-da Honor planşetini alyp biler.
Smartfon dört reňkde çykarylýar – şirmaýy, gara, altyn säher we gyzyl-goňur.
Magic V5 täzelenme ýygylygy 120 Gs bolan iki LTPO ekrany bilen üpjün edildi. Esasy eplenýän displeýiň diagonaly 7,95 dýuýma we durulygy 2352 × 2172 piksele, daşarky ekranyňky 6,43 dýuýma we durulygy 2376 × 1060 piksele barabar. Smartfon IP58 we IP59 ülňüleri boýunça suwdan we tozandan goralýar.
Smartfon Snapdragon 8 Elite prosessorynda işleýär. 12 ýa-da 16 GB operatiw ýatly we 256, 512 ýa-da 1024 GB hemişelik ýatly wersiýalar elýeterli. Esasy kamera 50 Mp esasy sensordan, 50 Mp giňburçly moduldan we 64 Mp teleobýektiwden ybarat. Her ekranda 20 Mp frontal kamera bar.
Global wersiýa 66 Wt simli we 50 Wt simsiz zarýad alyş bilen 5280 mA/sag sygymly akkumulýatora eýe boldy. Şirmaýy reňkli smartfonyň ýogynlygy ýygnalan görnüşde 8,8 mm (galan reňklerde – 9 mm), agramy 217 grama barabar.

şu gün 17:02
945

Londonda Minecraft äheňinde dünýäde ilkinji dynç alyş seýilgähi gurlar

Londondaky «Chessington World of Adventures» seýilgähiniň çäginde 2027-nji ýylda «Minecraft World» tematiki seýilgähi açylar. Variety neşiriniň habar bermegine görä, desganyň gurluşygynyň bahasynyň 70 million dollar töweregi bolmagyna garaşylýar...

şu gün 16:53
6.4k+

DZ-ED bilen Guwanç Şatlykgylyjowyň «Çarhypelegi» Aydym.com-da 1 mln diňlenmeden geçdi

Meşhur Aydym.com platformasynda ýene bir uly sepgit hasaba alyndy. Şu ýylyň ýanwarynda köpçülige hödürlenen DZ-ED bilen Guwanç Şatlykgylyjowyň bilelikdäki «Çarhypelek» aýdymy 1 milliondan gowrak diňlenme görkezijisine ýetdi...

şu gün 15:47
3.5k+

Bitkoini ýok etmek üçin dünýädäki suwasty internet kabelleriniň azyndan 72%-ni üzüp çykmaly bolar

Kembrijden alymlar bitkoin kriptowalýutasynyň dürli ulgamlaýyn infrastruktura näsazlyklaryna bolan durnuklylygyny öwrendiler. Olar bitkoin torunyň işiniň düýpli bozulmagy üçin dünýädäki suwasty internet kabelleriniň 72%-den 92%-ne çenlisiniň bir wagtda zeperlenmelidigi baradaky netijä geldiler...

şu gün 15:22
1.5k+

Aýdym islegi bilen akyl derejesiniň arasyndaky baglanyşyk anyklandy

Mýunhendäki Lýudwig-Maksimilian uniwersitetiniň alymlary adamyň saz saýlawy bilen onuň aň ösüşiniň arasyndaky baglanyşygy ýüze çykardylar. Gözlegiň netijeleri Journal of Intelligence žurnalynda çap edildi. Ylmy barlaga 185 meýletinçi gatnaşdy...