Google Translate-e dil öwrenmek funksiýasy goşuldy: ol nähili işleýär?

  • 30.08.2025 13:29
  • 4.3k+

Google resmi taýdan emeli aňyň esasynda Google Translate-e iki täze funksiýany goşdy: hakyky wagtda janly terjime guraly we dil öwrenmek boýunça şahsylaşdyrylan ulgam.

Indi hyzmaty diňe bir terjime üçin däl, eýsem eşidiş we sözleýiş tejribesi üçin hem ulanmak bolýar. Ulgam awtomatik taýdan ulanyjynyň derejesini we maksatlaryny kesgitleýär, soňra onuň sözleri kabul edişini we gürleýşini türgenleşdirmek üçin aýratyn ssenariýalary taýýarlaýar.
Başlamak üçin ulanyja öz dil derejesini we öwrenmeginiň maksadyny görkezmek gerek. Şondan soň Google Translate şahsylaşdyrylan gönükmeleri teklip eder. Olarda söhbetdeşlikleri diňlemek we eşiden sözleriňi saýlamak ýa-da emeli aňyň kömek etmeginde sözleýşi türgenleşdirmek bolýar. 


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.7k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....