Samsung Galaxy S25 FE smartfonynyň we Tab S11 planşetleriniň tanyşdyrylyş senesini aýtdy

  • 29.08.2025 20:00
  • 3.3k+

Samsung nobatdaky Galaxy Event çäresiniň 2025-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda geçiriljekdigini yglan etdi. Tanyşdyrylyş onlaýn geçer we kompaniýanyň resmi saýtynda hem YouTube kanalynda UTC boýunça 9:30-da (Aşgabat wagty bilen 14:30) ýaýlyma berler.

Bildirişe görä, çäräniň esasy wakasy “Galaxy S25 maşgalasynyň täze agzasynyň” görkezilmegi bolar. KHBS gürrüňiň Galaxy S25 FE smartfony baradadygyny ýazýar.
Şeýle-de, kompaniýa Galaxy Tab S11 premium planşet hataryny taýýarlaýar. Ol Tab S11 Ultra wersiýasyny hem öz içine alar.
Samsung EA funksiýalaryny ösdürmäge bil baglaýar. Gurluşlar giňeldilen multimodal mümkinçiliklere eýe bolar, Galaxy ekoulgamyna goşular we işlemek hem dynç almak üçin täze şertleri hödürlär.
Onlaýn tanyşdyryşdan başga-da, 5-nji sentýabrda Berlinde IFA 2025 sergisiniň çäklerinde janly görkezişler we goşmaça anonslar bilen metbugat maslahaty geçiriler.
Android Headlines neşiri Galaxy S25 FE smartfonynyň renderlerini hödürledi. Suratlarda smartfon gara, ak, gök we ýiti gök reňklerde görkezilýär.
Smartfon durulygy Full HD+ we ýygylygy 120 Gs bolan 6,7 dýuýmlyk AMOLED ekranyna, Exynos 2400 prosessoryna, 8 GB operatiw ýada we 512 GB çenli içki ýada, 4900 mA/sag sygymly akkumulýatora eýe bolar. Esasy kamera üç datçikden ybarat: optiki durnuklaşdyrma bilen 50 Mp, 12 Mp we üç esse zum bilen 8 Mp. Smartfon ekranasty barmak skaneri we IP68 goragy bilen üpjün ediler.  


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...