Taksi bolan Mercedes 2 mln km-den gowrak ýol geçipdir, ýöne Finlýandiýanyň salgyt edarasy muňa ynanmady

  • 26.08.2025 21:31
  • 23k+

Ozal Germaniýada taksi hökmünde ulanylan Mercedes-Benz E-Class 2,2 mln kilometrden gowrak ýol geçip, işe ukyply ýagdaýda galdy. Häzir awtomobil Finlýandiýada diýip, “Ilta-Sanomat” neşiri ýazýar.

Ulagyň eýesi – ulanylan “Mersedesleri” satmak bilen meşgullanýan 36 ýaşly işewür Wille Rýaýsýanen. Ol 2002-nji ýylyň E-Class ulagynyň 2018-nji ýylda Finlýandiýa import edilendigini aýtdy. 2016-njy ýyla çenli ulag Germaniýanyň taksi parkynda işledi we şol ýerde hem rekord menzili gazandy.
Ýöne awtomobili hasaba almak synanyşygynda Finlýandiýanyň salgyt edarasy odometriň görkezijilerine şübhelendi. Döwlet işgärleri ulagyň häzire çenli gezen menziliniň 180 müň kilometrden geçip bilmejekdigini aýdyp, degişli netije çykardy.


Awtomobil şirmaýy reňke boýalan we ýagdaýy gowy. Eýesiniň aýtmagyna görä, sedan köp sanly bejeriş işlerinden geçdi, şol sanda transmissiýa, kondisioner we forsunka çalşyldy, ýöne hereketlendirijä el degrilmedi.
Salgyt inspektory 2,2 mln kilometri tassyklaýan tehniki hyzmat boýunça resminamalaryň hödürlenendigine garamazdan, ulag eýesine “odometri yzyna towlandygy üçin” 1000 ýewro jerime saldy. Netijede hasaba alyşda 186 müň kilometr menzil görkezildi.
Ulagyň odometri, hakykatdan hem, iki gezek towlandy, sebäbi ol 999 999 km bellikde doňup galypdy.
Bu Mercedes-den başga-da, Rýaýsýaneniň taksi parkyndan 1,2 mln km menzili geçen ýene bir awtomobili bar. Ony häzir aýaly gulluk ulagy hökmünde ulanýar.  


20.06.2026 12:20
3.5k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....