Mercedes-Benz täze ulaglaryň önümçiligi üçin köneleri söküp başlar

  • 26.08.2025 16:15
  • 9k+

Mercedes-Benz konserni Germaniýada köne awtomobilleri sökmek boýunça synag taslamasynyň işe girizilendigini habar berdi. Resmi maglumatlara görä, bu başlangyjyň maksady girdeji däl-de, daşky gurşawa ýetýän zyýanly täsiri azaltmakdyr: çig malyň bir bölegi gaýtadan işlenenden soň önümçilikde ulanylar.

Taslama urban mining – “gazylyp alynýan peýdaly magdanlary şäherde gazyp almak” resmi däl adyny aldy. Konsern TSR hyzmatdaş kompaniýasy bilen bilelikde ulaglary sökmegi, tebigat üçin zyýanly maddalary aýyrmagy we materiallary görnüş taýdan – metallar, plastik, aýna we ş.m. boýunça tertipleşdirmegi meýilleşdirýär.
Alnan çig maly ýörite tehnologiýa boýunça gaýtadan işlemek we täze awtomobilleriň önümçiliginde ulanmak göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, geljekki Mercedes-Benz ulaglarynyň bir bölegi köne ulaglaryň şaýlaryndan we materiallaryndan dörediler.
Konserniň meýilnamasyna görä, geljek on ýylyň içinde önümçilikde gaýtadan ulanylan çig malyň paýy 40%-e ýetmeli. “Şäherde gazyp almak” diňe bir ekologiýa düşýän agramy azaltman, eýsem arzan materiallaryň goşmaça çeşmesi bolup hyzmat etmeli. 


20.06.2026 12:20
3.5k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....