ABŞ-nyň hökümeti Intel kompaniýasynyň paýnamalarynyň 10%-ini satyn aldy

  • 26.08.2025 10:54
  • 2.5k+

ABŞ mikroprosessorlary we beýleki kompýuter elementlerini öndürýän Intel korporasiýasynyň paýnamalarynyň 10%-ini satyn aldy. Bu barada Prezident Donald Tramp Truth Social sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi.

“Amerikanyň Birleşen Ştatlary indi öňünde ajaýyp geljegi bolan beýik amerikan kompaniýasynyň, Intel kompaniýasynyň 10%-ine doly eýeçilik edýär we gözegçilikde saklaýar” – diýip, Tramp ýazdy.

Ak tamyň ýolbaşçysy kompaniýanyň baş direktory Lip-Bu Tan bilen gepleşikleri geçirendigini aýtdy. Ol ABŞ-nyň 11 mlrd dollarlyk paýnamalary satyn alandygyny, ýöne bu paýnamalar üçin “hiç zat tölemändigini” belledi.
Lip-Bu Tan Intel kompaniýasyna mart aýynda ýolbaşçy boldy. Awgust aýynyň başynda Tramp hytaý kompaniýalary bilen aragatnaşykda şübhelenmegi sebäpli ony wezipeden gitmäge çagyrdy. Prezident kompaniýanyň ýolbaşçysynyň hytaý firmalaryna maýa goýmagyndan ugur aldy. Ozal şeýle aýyplamalary senator-respublikaçy Tom Kotton öňe sürüp, şeýle gatnaşyklaryň ABŞ-nyň milli howpsuzlygyna zyýan ýetirýändigini aýdypdy.
Wezipeden gitmek tabşyrylandan soň, Lip-Bu Tan bu düşünişmezligi aradan aýyrmak üçin Ak tamyň wekilleri bilen gepleşik geçirýändigini aýtdy.


19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......