Ford Explorer-yň täze wersiýasy 1720 dollar arzan çykdy

  • 24.08.2025 17:54
  • 8.1k+

Ford 2026-njy ýylyň modeli üçin täze Active Base atly başlangyç wersiýany hödürläp, Explorer ulaglarynyň hataryny giňeltdi. Ol krossoweriň iň amatly bahaly görnüşi bolup, 38 330 dollardan satuwa çykarylar. Bu bolsa 2025-nji ýylyň Active komplektasiýasyndan 1 720 dollar arzan.

Active Base enjamlaşdyryş taýdan ýönekeý görnüşde çykýar. Ýük bölüminiň gapysy indi elektrik däl, eliň bilen açylýar, gapdal aýnalar hem eliň bilen ýygnalýar we mat gara reňkde boýalýar. Sürüjiniň oturgyjy 6 ugurda, ýolagçy oturgyçlary bolsa 4 ugurda sazlanýar, ýöne bildäki elektrik goldawy ýok.
Salonda ýyladyşsyz winil rul ulanylýar, öň oturgyçlaryň gyzdyrylyşy we işjeň ses basyş ulgamy ýok. Ýolagçylar üçin diňe 1-nji we 2-nji hatarda USB portlary bar.
Üýtgeşmeler beýleki Explorer 2026 wersiýalaryna hem degişlidir. Panoramaly Vista Roof üçegi berk aýna bilen çalşyryldy, Ultimate paketi bolsa indi hödürlenmeýär. 3.0 EcoBoost V6 motory ST wersiýasynda saklanyp galdy we indi täze Tremor görnüşi üçin goşmaça mümkinçilik hökmünde hödürlenýär.


19.06.2026 19:45
1.7k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....