Google resmi taýdan Pixel 10 smartfon hataryny hödürledi

  • 21.08.2025 23:43
  • 2.3k+

Google resmi taýdan Pixel 10 smartfon hataryny hödürledi. Oňa esasy model, flagman Pixel 10 Pro we Pixel 10 Pro XL, şeýle-de eplenýän Pixel 10 Pro Fold girdi.

Smartfonlaryň ählisi Tensor G5 çibinde işleýär we güýzde satuwa çykarylar. Olarda Android 16 operasion ulgamy gurnaldy we adatdakysy ýaly 7 ýyl täzelenme kepillendirilýär.

Pixel 10
Esasy model üçli kamera eýe boldy: 48 Mp esasy modul, 13 Mp ultra giňburçly, 5 esse optiki zum bilen 10,8 Mp teleobýektiw.
Frontal kamera – 10,5 Mp. Smartfon 120 Gs täzelenme ýygylygy bilen 6,3 dýuýmlyk OLED ekrany, 4790 mA/sag akkumulýator we Qi2 simsiz zarýad goldawy bilen üpjün edildi. Korpus IP68 standarty boýunça goralýar.
Bahasy: 12/128 GB - $800, 12/256 Gb - $900.

Pixel 10 Pro we Pixel 10 Pro XL
Modelleriň ikisi-de 120 Gs täzelenme ýygylygy bilen OLED ekranyna eýe boldy, ýöne Pro-nyň displeýiniň diagonaly – 6,3 dýuým, Pro XL – 6,8 dýuým. Pro wersiýada displeýiň durulygy 1280 x 2856 piksele, Pro XL – 1344 x 2992 piksele barabar. Iň ýokary ýagtylyk 3300 kd/kw.m. ýetýär, goragy Gorilla Glass Victus 2 aýnasy üpjün edýär.
Kamera üçli: 50 Mp esasy modul, 48 Mp ultra giň, 5 esse optiki zum we 100 esse gibrid bilen täze 48 Mp teleobýektiw.
Smartfonlar 8K formatda wideo ýazmaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de, 42 Mp frontal kamera, degişlilikde, 4870 we 5200 mA/sag akkumulýator, Qi2 simsiz zarýad we IP68 goragy bar.
Bahalar:
Pixel 10 Pro: 128 GB — $1000, 256 GB — $1100, 512 GB — $1220, 1 TB — $1450;
Pixel 10 Pro XL: 256 GB — $1200, 512 GB — $1320, 1 TB — $1550

Pixel 10 Pro Fold
Eplenýän wersiýa 8 dýuýmlyk içki OLED ekranyna we 6,4 dýuýmlyk daşky ekrana eýe boldy. Onuň ýogynlygy ýygnalan görnüşde 10,8 mm, agramy 258 grama barabar.
Esasy kamera üçli bolup, 48 Mp giňburçly obýektiw, 10,5 Mp ultra giňburçly obýektiw we 5 esse optiki zum bilen 10,8 Mp. Frontal kameralar – her ekranda 10 Mp.
Akkumulýator sygymy 5015 mA/sag bolup, çalt we 15 Wt kuwwatly Qi2 simsiz zarýad goldawy bar.
Mundan başga-da, smartfon işletmek düwmesine gurnalan gapdal skaner, stereodinamikler, üç mikrofon, Wi-Fi 7, Bluetooth 6, NFC, UWB modullary bilen üpjün edildi.
Operatiw ýat – 16 GB, fleş-ýat – 256 GB ($1800), 512 GB ($1920) we 1 TB ($2150).


23.03.2026 16:40
1.7k+

Google ulanyjynyň gylyk-endiklerini öwrenýän emeli aňy mugt etdi

Google kompaniýasy ozal «Google AI» tarifleriniň çäginde işleýän «Personal Intelligence» funksiýasynyň indi ähli ulanyjylar üçin mugt boljakdygyny yglan etdi. Täze mümkinçilik Gemini ekoulgamyna birikdiriler, şeýle hem Google Chrome brauzeriniň web-wersiýasynda we «AI Mode» tertibinde goýlar...

10.03.2026 18:32
1.5k+

Google daşky gurşawy aşa hapalaýjylara garşy göreşmek üçin $50 mln gönükdirer

Google kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli daşky gurşawdan «aşa hapalaýjylary» aýyrmak üçin 50 million dollar sarp etmäge borçlandy. Bu barada «Datacenter Dynamics» neşiri habar berýär. Super Pollutant Action başlangyjynyň çäklerinde korporasiýa klimat üçin kömürturşy gazyndan hem has howply bolan metan we ftorly gazlara garşy göreşmäge ünsi jemlär...

03.03.2026 23:28
6.8k+

2026-njy ýylda dünýäde iň köp girilen 20 saýt

2026-njy ýylda global internet trafikiniň esasy bölegi henizem az sanly iri platformalarda jemlenmeginde galýar. Olar ulanyjylaryň nähili maglumat gözleýşini, wideolary görşüni, aragatnaşyk saklaýşyny we internetde söwda edişini kesgitleýär...

03.03.2026 16:51
1.9k+

Google Translate dürli terjime görnüşini hödürleýän emeli aň gurallary bilen üpjün edildi

Google kompaniýasy özüniň Translate (Terjime) goşundysy üçin emeli aňa esaslanýan täze mümkinçilikleri hödürledi. Gemini neýroulgamynyň goşulmagy netijesinde, indi ulanyjylar gündelik söhbetler üçin ýönekeý ýa-da resmi hat-habarlar üçin iş stili ýaly terjimäniň görnüşlerini-de saýlap bilerler...