Ford Transit 2000 at güýji bilen Nýurburgringde iň tiz furgon boldy

  • 21.08.2025 16:09
  • 2.9k+

Ford kompaniýasy Nýurburgring ýolunda täze rekord goýlandygyny habar berdi. Kuwwaty 2000 at güýjüne barabar bolan Ford Transit SuperVan 4.2 elektrik furgony 20,8 kilometr uzynlykdaky aýlawy 6 minut 48,393 sekuntda geçdi. Bu hem ony häzire çenli Demirgazyk halka çykan iň tiz furgona öwürdi.

Ulagyň rulunda ýaryşa gatnaşyjy Romen Dýuma bardy. Ol 2019-njy ýylda Volkswagen ID.R prototipinde Nýurburgring aýlawyny 6 minut 5,336 sekuntda geçip, elektromobilleriň arasynda absolýut rekord goýdy. 2023-nji ýylda Dýuma SuperVan-yň rulunda Paýks Pik dagyndaky ýaryşda-da ýeňiji boldy.
Nýurburgringde eýýäm Lotus Evija X we Xiaomi SU7 Ultra ýaly has tiz elektromobiller boldy. Soňkusy iň tiz sedan diýlip ykrar edildi. Ýöne bu ulaglaryň ählisi, şol sanda SuperVan 4.2 önümçilik modeli däldir. Ford-yň maglumatlaryna görä, batareýaly Transit umumy tablisada dokuzynjy aýlaw wagtyny görkezdi, ol Chevrolet Corvette ZR1X giperkaryndan öňe geçdi.
Adyna garamazdan, SuperVan 4.2-niň adaty Transit bilen umumylygy az: ol dizaýnda sähel meňzeşligi bolan doly derejeli ýaryş prototipidir. Şol gün bu ýolda kompaniýanyň ýene bir elektrik prototipi – F-150 Lightning SuperTruck synagdan geçirildi. 2024-nji ýylda ol eýýäm Paýks Pikde iň tiz ulaglaryň biri bolupdy. 


19.06.2026 19:45
1.7k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....