Xiaomi tigirçekli TW çykarar: filmlere öýüň islendik ýerinde 13 gün zarýad bermezden tomaşa edip bolýar

  • 20.08.2025 14:28
  • 6.5k+

Xiaomi kompaniýasy öz taryhynda ilkinji tigirçekli telewizoryny – Xiaomi MAX 27-ni hödürledi. Ol oturdylan akkumulýator bilen işleýär. Ony öýüň içinde bir ýerden başga bir ýere göçürmek we islendik otagda filmdir seriallara tomaşa etmek bolýar.

Model Hytaýda 21-nji awgustdan Xiaomi Youpin platformasynda elýeterli bolar.
MAX 27 durulygy FullHD we täzelenme ýygylygy 60 Gs bolan 27 dýuýmlyk sensor IPS ekranyna eýe boldy. Ony beýikligi (20 sm çenli), egilme burçy (20-25 gradus) boýunça sazlap, hatda keseligine ýa-da dikligine hem öwrüp bolýar. Telewizor tigirçekli alýumin aýakda saklanýar.
Telewizoryň aşaky böleginde 9700 mA/sag sygymly akkumulýator ýerleşdirildi we kompaniýanyň maglumatlaryna görä, ol 13 gün işlemek üçin ýeterlikdir. Zarýad USB-C arkaly berilýär, şeýle-de USB-A we HDMI 1.4 portlary göz öňünde tutuldy.
Gurluş HyperOS-yň esasynda işleýär. Ekrandan onlaýn kinoteatrlary açmak, Xiaomi Home programmasy arkaly akylly öýi dolandyrmak, howany barlamak, bellik etmek, Android programmalaryny işletmek we aýdym-sazy dolandyrmak bolýar. MAX 27 oýunlar, karaoke üçin hem laýyk gelýär, ses dolandyryşyny, EA funksiýalaryny hem goldaýar.
Model 8 ýadroly prosessor, 16 GB operatiw we 128 GB hemişelik ýat bilen üpjün edildi.
Telewizoryň bahasy 3999 ýuana (takmynan, 555 dollar) barabar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...