Ford satyn alyp bolmaýan, ýöne ýygnap bolýan üýtgeşik Bronco ulaglaryny çykardy

  • 20.08.2025 14:18
  • 8.2k+

Ford kompaniýasy iki sany ýörite taslamasynyň –  Bronco Silver Lake Dunes Project Vehicle we Bronco Sport Silver Lake Dunes Project Vehicle wersiýalarynyň çykmagy bilen Bronco modeliniň 60 ýyllygyny belledi. Olar Miçigan ştatynyň çägeli aňňatlaryna bagyşlandy we awtomobilleri şahsylaşdyrmagyň mümkinçiliklerini görkezýär.

Bu ulaglar satuwa çykmaz. Ýöne awtomobil eýeleri Ford Performance Parts katalogyny, başga üpjün edijilerden aksessuarlary we bezeg suratlaryny ulanyp, şeýle ulaglary özbaşdak ýygnap bilýär.
Ulaglaryň ikisi-de Azure Gray reňki bilen boýaldy we aňňatlaryň hem gözýetimiň şekili bilen özboluşly winil suratlara eýe boldy.
Bronco modeli Heritage tigirleri we BFGoodrich T/A KO3 tekerleri bilen enjamlaşdyryldy. Sport wersiýasy Mustang Mach-E Rally-dan tigirlere we ýolsuz ýer üçin niýetlenen BFGoodrich XL TRTERRA tekerlerine eýe boldy. Şeýle-de, Yakima reýlingi, Rigid Industries yşyk diodly çyralary, berk bamperler we bezegde mämişi öwüşginler ulanyldy.
Täze ulaglaryň bahasy yglan edilmedi, ol saýlanan komponentlere bagly. 


19.06.2026 19:45
1.7k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....