24 ýaşda 24-nji ýeňiş: Iga Swýontek Sinsinnatidäki WTA 1000 ýaryşynyň ýeňijisi boldy

  • 20.08.2025 08:40
  • 4.2k+

Polşaly tennisçi Iga Swýontek Sinsinnatidäki (ABŞ) WTA 1000 tennis ýaryşynyň finalynda ýeňiş gazandy. Finalda ol italiýaly Žasmin Paolinini 7:5, 6:4 hasabynda utdy.

Oýun 1 sagat 49 minut dowam etdi.
Oýnuň başynda Swýontek 0:3 hasabynda utulyp gelýärdi, ol garşydaşynyň oýnuň dowamynda dört breýk etmegine ýol berdi, ýöne soň oýny öz peýdasyna öwürmegi başardy.
Bu ýeňşiniň netijesinde polşaly tennisçi dünýä reýtinginde amerikaly Kori Gauffdan öňe geçip, dünýäniň ikinji raketkasy bolar. Birinji orny henizem belarusly Arina Sobolenko eýeleýär.
Sinsinnatidäki titul 24 ýaşly Swýontek üçin karýerasynda 24-nji boldy. Ol WTA 1000 derejesinde 11 kubok gazandy. 


06.06.2026 11:31
3.1k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......