Mercedes kaşaň ulaglardan ünsi sowup, köpçülikleýin bazar üçin 36 sany täze model çykarar

  • 19.08.2025 15:04
  • 9k+

Mercedes-Benz girdejileri azalandan soň strategiýasyny üýtgedýändigini mälim etdi. Handelsblatt portalynyň habar bermegine görä, kompaniýa 2027-nji ýyla çenli köpçülikleýin bazar üçin niýetlenen 36 täze awtoulag çykarmagy meýilleşdirýär.

Täze hatara 19 sany adaty içinden ýandyrylýan hereketlendirijili we 17 sany elektromobil giriziler. Şol bir wagtda kompaniýa kiçi awtoulaglaryň we ýük daşaýjy ulaglaryň (SUV) sanyny artdyrmagy hem-de dizaýnlaryny üýtgetmegi göz öňünde tutýar.
Kompaniýanyň baş direktory Ola Kalleniusyň bellemegine görä, brendiň maksady ähli segmentlerde islegli awtoulaglary hödürlemekden ybarat. Onuň sözlerine görä, bahasy 100 müň ýewrodan ýokary bolan Maybach-yň we AMG-nyň gymmat modelleri garaşylanyny bermedi.
Şeýle hem, maliýe hasabatynda ýylyň ilkinji ýarymynda girdejiniň iki esse azalanlygy görkezildi. Awtoulag bölüminde girdejililik 15%-den 5,3%-e çenli peseldi. Kompaniýanyň wekilleriniň bellemegine görä, ýylda 2 milliondan az awtoulag öndürmek girdejili däldir.


20.06.2026 12:20
3.5k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....