Hindi ýazyjysy diňe 2114-nji ýyla ýetilende okalyp bilinjek kitaby ýazar

  • 18.08.2025 19:23
  • 9.1k+

Meşhur hindi ýazyjysy Amitaw Goş “Geljegiň kitaphanasy” taslamasynyň 12-nji gatnaşyjysy boldy. Onuň indiki golýazmasy, 2114-nji ýyla çenli, ýagny 89 ýyllap okyjylar üçin elýeterli bolmaz diýip, The Guardian habar berýär.

Taslama 2014-nji ýylda şotlandiýaly suratkeş Keti Petersonyň başlangyjy esasynda  işe girizildi. Şol döwürde Oslonyň demirgazygynda müň sany arça agajy oturdylypdy. Ýüz ýyldan soň bu agaçlar "Geljegiň kitaphanasy" antologiýasynyň 100 eserini çap etmek üçin ulanylar. Bu taslama Margaret Etwud, Dewid Mitçel, Ouşen Wuong, Nobel baýragynyň eýesi Han Gan we beýlekiler ýaly dünýä belli romançylar goşuldy. Häzirlikçe bir nusgada bolan ähli tekstler Oslo jemgyýetçilik kitaphanasynyň ýörite "asuda otagynda" saklanýar.
Goş başlangyja gatnaşmaga çakylygy “çuňňur hormat we tolgundyryjy ynam” diýip atlandyrdy. Onuň sözlerine görä, taslama "bizi ömrümiziň çäklerinden  çykyp pikirlenmäge, heniz dünýä inmedik okyjylary göz öňüne getirmäge mejbur edýär".
Goş: "Men şeýle düýpli gerimlerde ekologiýany, edebiýaty we sabyrlylygy birleşdirýän eseriň bir bölegi bolandygyma tolgunýaryn" - diýdi.
Ýazyjy golýazmany 2026-njy ýylyň maýynda ýa-da iýun aýynda “Geljegiň kitaphanasy” tokaýynyň kitaphanasynda hödürlär. Kitabyň ady hem şonda aýan bolar.
Amitaw Goş döwrümiziň kän agzalýan hindi ýazyjylaryndan biridir. Onuň iň meşhur kitaplary “Aýna köşk” (“Стеклянный дворец”) we “Ibisli trilogiýa” (“Ибисная трилогия”). Beýleki zatlar bilen birlikde, ýazyjy eserlerinde, köplenç, klimat krizisi meselesini gozgaýar.


şu gün 22:08
251

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
5.9k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....