Dünýä döwletleri plastik hapalanmasyna garşy göreş boýunça şertnama barada ylalaşyp bilmedi

  • 16.08.2025 23:26
  • 8.4k+

Dünýäniň 184 ýurdunyň wekilleri Ženewada on gün dowam eden plastik hapalanmasyna garşy göreş boýunça gepleşikleri global şertnama gol çekmezden tamamlady. Bu barada Reuters agentligi habar berdi.

Gepleşikleriň ýolbaşçysy, Ekwadoryň wekili Waýas Waldiwiýeso gatnaşyjylaryň tekliplerine esaslanan iki resminama taslamasyny hödürledi. Soňkusy 15-nji awgustda irden neşir edildi, ýöne ol has berk şertnamany talap eden ýurtlary kanagatlandyrmady.
The Guardian-yň maglumatlaryna görä, esasy çekeleşik täze plastik önümçiligini çäklendirmegiň gerekdigi ýa-da ýokdugy barada boldy. Muňa Saud Arabystany we Russiýa ýaly nebit we gaz çykaryjy döwletler garşy çykdy. Olar plastigi gaýtadan işlemäge we gaýtadan ulanmaga ünsi gönükdirmegi teklip etdi. 100 töweregi ýurt, tersine, plastigi azaltmagy we önümçilikde zäherli himiki serişdelere gözegçilik etmegi talap edýär.
Saud Arabystany taslamalaryň deňagramly däldigini we esasan beýleki döwletleriň bähbitleriniň göz öňünde tutulandygyny aýtdy.
39 kiçi ada ýurdunyň adyndan çykyş eden Palauwyň wekili netijeden lapykeçdigini aýtdy: “Kiçi ösüp barýan ada ýurtlarynyň kän dahyly bolmadyk ýene bir global ykdysady çökgünligiň esasy agramyny egninde çekmeli boljakdygy adalatsyz”.
Bu BMG-niň soňky üç ýylda plastik boýunça gepleşikleriniň altynjy tapgyry boldy. Ženewada 5-nji awgustdan bäri müňden gowrak wekil ýygnanyşdy. Guramada plastik şertnamasynyň klimat boýunça Pariž şertnamasy ýaly ähmiýetli bolup biljekdigi bellenildi.
Dünýäde her ýyl 400 mln tonnadan gowrak täze plastik öndürilýär, häzirki tendensiýalar saklanan ýagdaýynda 2040-njy ýyla çenli onuň göwrümi 70% ýokarlanar.


30.04.2026 17:05
2.6k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

23.04.2026 10:39
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......

22.04.2026 19:17
7.1k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......

22.03.2026 12:19
5.5k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

21-nji martda Türkmenistanda Halkara Nowruz baýramynyň bellenilýän pursatlarynda ýurduň ekologiýa syýasatynyň rowaçlanýandygyny dabaralandyrýan ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Bu...