Eminemiň meşhur “Stan” klibi barada film çykaryldy: repçi premýerada çykyş etdi

  • 16.08.2025 18:18
  • 3.9k+

Amerikaly repçi Eminem “Stan” klibiniň 25 ýyllygyna bagyşlanan “Stans” dokumental filminiň premýerasyna gatnaşdy. Premýera Nýu-Ýorkda geçdi diýip, The Hollywood Reporter habar berýär.

“Stan” aýdymy üçin klip 2000-nji ýylyň 20-nji noýabrynda çykdy we derrew meşhur boldy. Onda muşdak Sten Mitçell barada gürrüň berilýär. Ol öz söýgüli artistine barha emosional hatlary ýazýar we iň soňunda onuň ýanyna barýan ýolda ulag heläkçiligine uçrap heläk bolýar. 
Wideoda Steniň keşbini “Ahyrky nokat” filmi bilen tanalýan Dewon Sawa ýerine ýetirdi. Eminem klipde özüni oýnady we gahrymanyň hatyny “seslendirýän” aýdymy ýerine ýetirdi. Şeýle-de, klibe aýdymçy Dido gatnaşdy: onuň “Thank You” aýdymyndan bölek gaýtalama boldy, onuň özi bolsa Steniň söýgülisini oýnady.
2018-nji ýylda iňlis diliniň Oksford sözlügi stan sözüni goşup, ony “haýsydyr bir meşhur şahsyýetiň hetdenaşa berlen muşdagy” hökmünde kesgitledi.
“Stans” dokumental filmi klibiň taryhyna we onuň medeniýete täsirine bagyşlanýar. Taslamanyň režissýory hökmünde Stiwen Lekart çykyş etdi. Premýera köp sanly muşdaklary ýygnady. Çärede Eminem Dewon Sawa bilen hem duşuşdy.
Film 26-njy awgustda Paramount+ platformasynda çykar.

şu gün 11:17
2.5k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

şu gün 10:28
722

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

şu gün 09:56
1.2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......