Beýonse karýerasynda ilkinji “Emmi” baýragyny aldy

  • 14.08.2025 16:16
  • 6.5k+

Telewizion akademiýasy ýörite kategoriýalarda 77-nji “Emmi” baýragynyň laureatlarynyň birinji tapgyryny yglan etdi. Şu ýyl ýeňijileriň arasynda Beýonse hem bar diýip, Entertainment habar berýär.

Aýdymçy bu baýragy 2024-nji ýylda NFL oýnunyň arakesmesindäki çykyşynyň kostýumlary üçin aldy. Şüweleň Netflix-de Beyoncé Bowl hökmünde görkezildi. Bu onuň karýerasynda ilkinji “Emmidir”.

“Warýete, dokumental ýa-da realiti-programmalar üçin iň gowy kostýumlar” nominasiýasynda Beýonse ýeňşi dizaýner Şiona Turini, kömekçileri Erika Raýs we Molli Piters, superwaýzer Çelsi Stabell we atelýe ýolbaşçysy Timoti Uaýt bilen paýlaşdy.

Ýörite kategoriýalarda baýraklar 6 – 7-nji sentýabrda geçiriljek Creative Arts Emmy dabarasynda gowşurylar. Beýonse “Iň gowy warýete-şou” kategoriýasynda hem baýrak üçin dalaşgär görkezildi. Onda ýeňijiler 14-nji sentýabrda Primetime Emmy ýaýlymynda yglan ediler.
Beyoncé Bowl Roždestwo çykyşy Hýustonda düşürildi. Programmada aýdymçy kowboý şlýapasynda we atyň üstünde Cowboy Carter albomyndan “16 Carriages”, “Ya Ya”, “Jolene” we “Texas Hold ’Em” aýdymlaryny ýerine ýetirdi. Onuň bilen sahna Post Malone, Shaboozey we aýdymçynyň gyzy Blýu Aýwi Karter hem çykdy.

şu gün 11:17
2.5k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

şu gün 10:28
722

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

şu gün 09:56
1.2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......