Ukrainaly Zabarnyý “PSŽ-niň” taryhynda iň gymmat satyn alnan oýunçylaryň biri boldy

  • 14.08.2025 13:03
  • 7.7k+

Ukrainaly goragçy Ilýa Zabarnyý “Pari Sen-Žermeniň” (PSŽ) taryhynda iň gymmat satyn alnan oýunçylaryň biri boldy. Muny Transfermarkt portalynyň maglumatlary görkezýär.

22 ýaşly futbolçy 9-njy awgustda Angliýanyň “Bornmut” klubundan 63 mln ýewro geçdi. Bu fransuz klubunyň iň gymmat satyn alan oýunçylarynyň sanawynda dokuzynjy görkezijidir.
Zabarnynyň parižliler bilen şertnamasy 2030-njy ýyla çenli hereket edýär.
Ukrainaly oýunçy “Bornmutda” 2023-nji ýyldan bäri çykyş etdi, ondan öň Kiýewiň “Dinamosynda” oýnap, Ukrainanyň çempiony we ýurduň Kubogynyň eýesi boldy.


15.03.2026 20:14
9.8k+

Messi Ýamala garşy oýnamaz: Ispaniýa bilen Argentinanyň arasyndaky «Finalissima» duşuşygy ýatyrylýar

Ýewropanyň häzirki çempiony Ispaniýa bilen Günorta Amerika kubogynyň ýeňijisi Argentinanyň arasyndaky «Finalissima» tituly ugrundaky futbol duşuşygy ýatyryldy. Bu barada El Chiringuito neşiri habar berýär. Aslynda, duşuşygy 27-nji martda Kataryň «Lusaýyl» stadionynda geçirmek meýilleşdirilipdi...

15.03.2026 15:57
7.7k+

Norwegiýaly futbolçy iň gowy oýunçy hökmünde 100 sany hyýara mynasyp boldy

Norwegiýanyň «Brýune» klubynyň futbolçysy Kristian Holand «Rusenborg» topary bilen 4:2 hasabynda ýeňiş bilen tamamlanan duşuşykda iň gowy oýunçy diýlip saýlandy we garaşylmadyk baýraga mynasyp boldy. Topar oňa iki guty hyýar sowgat berdi...

13.03.2026 13:04
5.7k+

Ýewropa we Konferensiýa ligalarynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşyklary geçdi

Öten agşam UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň 1/8 finalynyň birinji duşuşyklary geçirildi. Iki ýaryşyň hem jogap oýunlary 20-nji marta geçilýän gije oýnalar. Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji...

13.03.2026 09:25
7.2k+

«Arkadag» topary yzygider ikinji ýyl TFF-iň Kubogynyň eýesi boldy

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň aýgytlaýjy oýny geçirildi. Duşuşykda «Arkadag» topary yzygider ikinji gezek Kubogy almagy başardy diýip, TFF-iň metbugat gullugy habar berýär...