Counter-Strike 2 oýnuna öý haýwany-towuk goşulyp bilner

  • 13.08.2025 08:05
  • 4.4k+

Counter-Strike 2 oýnunda öý haýwanlary-towuklar peýda bolup biler.

Datamaýnerler oýun faýllarynda towuklaryň, ýumurtgalaryň modellerini we interfeýsde “Öý haýwanlary” goşundysyny tapdy. Onda üýtgeşik daşky keşbi we “Alaka”, “Leggro” ýaly atlary bolan bäş dürli guş görkezilen.
Syzdyrylan maglumatlara görä, oýunçy keýs ýa-da kapsula arkaly ýumurtga alyp, ony oýunda goýup, towuk çykýança garaşyp biler. Ony inwentarda saýlamak we söweşe alyp gitmek bolýar. Guş oýunçynyň yzyna düşer ýa-da adaty oýun towuklary onuň ýanynda durar.
Ilkinji gezek öý haýwanlary barada maglumatlar 2025-nji ýylyň iýul aýyndaky täzelenmeden soň peýda boldy. Muşdaklar Valve olary geljekki uly täzelenmeleriň birinde, ähtimal, täze operasiýanyň ýa-da Battle Pass-yň çäklerinde goşar diýip pikir edýär. Kompaniýadan resmi teswirler entek ýok.


Oýunçylar eýýäm “pat-to-lose” bolup biljekdigi barada degişýär, ýagny towuk oýunçynyň yzyna düşüp ýörse, ol kemperiň ýerleşýän ýeriniň üstüni açyp biler.
Oýunlarda “kemper” diýip öldürmek aňsat bolar ýaly duşman duşundan ötüp gidýänçä bukalgada oturýan oýunçy atlandyrylýar. Şeýle tilsim, köplenç, makullanmaýar we beýleki oýunçylary gaharlandyrýar.

şu gün 11:17
2.5k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

şu gün 10:28
722

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

şu gün 09:56
1.2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......