Petuniýa atly buldog 2025-nji ýylda dünýäniň iň betnyşan iti diýlip ykrar edildi

  • 13.08.2025 07:59
  • 8.1k+

Petuniýa atly it Kaliforniýanyň Santa-Roza şäherinde geçirilen “Dünýäde iň betnyşan it-2025” bäsleşiginde ýeňiji boldy. Bu barada CBS News habar berýär.

Petuniýa fransuz we iňlis buldoglarynyň çaknyşmasydyr. Öz hojaýyny Şennon Neýman bilen bilelikde ol 5000 dollar möçberde baýrak aldy. Itiň suraty bäsleşigiň hemaýatkäri tarapyndan çykarylýan piwo bankalarynda ýerleşdiriler.
Öň Petuniýa Las-Wegasda itleri köpeltmek bilen meşgullanýan adam bilen ýaşaýardy. Ýöne ol ýerde Petuniýa tüýünden mahrum bolup, uzyn kentlewügi sebäpli dem almakdan kynçylyk çekipdi. Meýletinçiler ony halas etdiler we bejerdiler.
“Dünýäde iň betnyşan it” bäsleşigi eýýäm 50 ýyl bäri geçirilýär. Onuň maksady öýsüz haýwanlar bilen bagly meselelere ünsi çekmekdir. 

şu gün 11:17
2.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

şu gün 10:28
886

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

şu gün 09:56
1.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......