Manhart atelýesi Mercedes - AMG C 63 üçin "hoşlaşyk" týuningini çykardy 

  • 13.08.2025 07:54
  • 5.7k+

Manhart týuning atelýesi Mersedes-AMG C 63 sedanynyň eýýäm geçmişe giden W205 nesliniň ýörite modifikasiýasyny hödürledi.  Wersiýa CR 700 diýip atlandyryldy diýip, Autoevolution  ýazýar.

Täze wersiýadaky 4,0 litrlik goşa turbo V8 hereketlendirijisi 700 at güýjüne we 900 Nm torka çenli gowulandyryldy, bu adaty C 63 S-iň tizliginden 190 at güýji köpdür. Sagatda 100 km tizlige 3,5 sekuntda çykýar, muny häzirki C 63 SE Performance-niň häsiýetnamalary bilen deňeşdirmek bolar.
Awtoulag Manhartyň häsiýetli sary zolaklary geçirilip, gara reňkde ýerine ýetirildi. Ol iki äheňde bezegli alty dilli garyndy tekerler, şeýle hem sary tormoz supportalary bilen enjamlaşdyrylandyr. Bagažyň ýüzünde CR 700 we Last Edition nyşanlary bar.
Bu model dinamiki awtoulaglara gadyr goýýan we BMW M3 ýaly häzirki zaman sport sedanlary bilen bäsleşmäge mümkinçilik berýän V8 hereketlendirijili nusgawy düzülişi makul bilýän awtoulag höwesjeňlerine gönükdirilendir.


20.06.2026 12:20
3.6k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....