Samsung kompaniýasy Galaxy A22, Galaxy F22 ýaly modelleriň goldawyny bes etdi

  • 10.08.2025 14:11
  • 5.6k+

Samsung kompaniýasy dört sany arzan smartfon modeliniň – Galaxy A22, Galaxy F22, Galaxy M32 we Galaxy M42 5G smartfonlarynyň programma üpjünçiliginiň goldawyny bes etdi.

Bu smartfonlar 2021-nji ýylda çykdy we soňky uly täzelenme hökmünde Android 13-e eýe boldy. Şondan soň iki ýylyň içinde olar her aý howpsuzlyk täzelenmesini aldy. Indi bu döwür hem tamamlandy: smartfonlar işlemegini dowam etdirer, ýöne indi olar üçin programma üpjünçiliginiň täze wersiýalary, şol sanda gowşaklyklary düzetmek üçin täzelenmeler bolmaz.
Şol bir wagtyň özünde, flagman modelleriniň goldawy dowam edýär. Şu aý Galaxy S25 hatary howpsuzlyk täzelenmesine eýe boldy.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...