GTA Online çagalar üçin elýeterli bolmaz

  • 09.08.2025 18:25
  • 4.8k+

Rockstar Games GTA Online-da oýunçylaryň ýaşyny barlamak ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar. Internetde täze funksiýanyň interfeýsiniň suraty peýda boldy diýip, DTF portaly ýazýar.

Ekran suratlary awgust aýynyň başynda oýun faýllarynda ýüze çykarylan maglumatlary tassyklaýar. Çak edilişi ýaly, ýaş QR koduny skanirlemek arkaly barlanar, ýöne hut haýsy serwisiň ulanyljakdygy entek belli däl.
Deslapky maglumatlara görä, täze ulgamyň hereket edip başlajak ilkinji ýeri Beýik Britaniýa bolup biler. Bu ýaňy-ýakynda internetde çagalary goramak barada kanunyň güýje girmegi bilen baglanyşyklydyr. Köp onlaýn hyzmatlar, mysal üçin Spotify eýýäm britan häkimiýetleriniň täze talaplaryna görä hereket edip başlady. Şeýle çäreler degişli kanun hereket edýän beýleki ýurtlarda-da girizilip bilner.
GTA Online 2013-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda çykdy we häzirki oýun platformalarynyň köpüsinde elýeterlidir. Sebitleriň köpüsinde oýunda 18+ reýtingi bar, şonuň üçin täze ulgamyň işe girizilmegi kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylar üçin elýeterliligiň çäklendirilmegine getirip biler.

şu gün 22:13
4

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

şu gün 22:11
9

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

şu gün 22:08
57

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

şu gün 11:17
3.2k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......