Son Hyn Min we Tomas Mýuller MLS ligasynyň klublaryna geçdi

  • 07.08.2025 15:24
  • 7.3k+

MLS-iň “Los-Anjeles” kluby hüjümçi Son Hyn Min bilen şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Şertnama 2028-nji ýylyň ahyryna ýa-da 2029-njy ýylyň ortasyna çenli uzaltmak mümkinçiligi bilen 2027-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli hereket edýär.

Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, klub hüjümçi üçin “Tottenheme” 26 mln dollar töledi. Bu liganyň taryhynda iň gymmat transferdir. Ozal rekord Angliýanyň “Midlsbro” klubundan 21,3 mln ýewro “Atlanta Ýunaýtede” geçen Emmanuel Latte Latu degişlidi.  
Son bellenen oýunçy statusyna eýe boldy. Bu oňa MLS-de hereket edýän zähmet haklary boýunça çäklendirmeleriň degişli däldigini aňladýar.
Son Hyn Min “Seulyň” we “Gamburgyň” ýetişdiren oýunçysydyr, ol ulular derejesinde “Baýerde” hem çykyş etdi. “Tottenheme” bolsa 2015-nji ýylda goşuldy we ol ýerde 10 ýyl boldy. Klubuň düzüminde 454 oýna gatnaşyp, 173 gol geçirdi we 101 assist etdi. Geçen möwsümde hüjümçi topara Ýewropa ligasyny utmaga kömek etdi. Bu onuň toparyň düzüminde gazanan ýeke-täk kubogydyr.
“Los-Anjelesde” Son öwrenişen 7-nji belgisini aldy. Täze toparda ol “Tottenhemden” öňki topardaşy derwezeban Ugo Lýoris bilen oýnar.

Şeýle-de, transferleriň arasynda Mýunheniň “Bawariýasynyň” öňki oýunçysy Tomas Mýulleriň MLS-iň “Wankuwer Uaýtkeps” klubuna geçmegi bar. Futbolçynyň kanadaly klub bilen şertnamasy 2025-nji ýylyň ahyryna çenli hereket edýär we ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligini göz öňünde tutýar.
Nemes hüjümçisi “Bawariýa” üçin 756 oýna gatnaşyp, 250 gol geçirdi we 33 kubok, şol sanda Çempionlar ligasynyň iki titulyny gazandy.
Mundan başga-da, insaýder Janluki Di Marsionyň maglumatlaryna görä, urugwaýly Darwin Nunýes “Liwerpuldan” “Al-Hilýala” geçmäge ýakyn. Şertnamanyň bahasy 65 mln ýewro bolar. Fabrisio Romano kesgitlenen mukdaryň 53 mln ýewrodygyny, galan böleginiň bolsa bonusdygyny belleýär. Saud Arabystanynda oýunçynyň zähmet haky ýylda 15 mln ýewro bolar, goşmaça bonuslar hem göz öňünde tutulýar.


şu gün 10:24
992

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......