Koenigsegg-iň esaslandyryjysy ganatlary ýapyk gurluşly uçary patentledi

  • 07.08.2025 13:01
  • 3k+

Şwesiýanyň Koenigsegg awtoulag markasyny esaslandyryjy Kristian fon Kýonigsegg ganaty ýapyk görnüşli uçar gurluşyny patentledi. Bu barada CarBuzz neşiri habar berdi.


Adaty uçarlarda ganatlaryň ujunda emele gelýän towlanyp aýlanyş aerodinamiki garşylygy artdyrýar. Ganatlaryň özara birleşdirilen täze gurluşy bu kemçiligi aradan aýryp biler diýip, dörediji hasaplaýar.
Görnüşine görä, teklip edilýän wariant has täsirli aerodinamikany üpjün etmäge ukyply, bu bolsa uçary adaty modellerden has tygşytly edip biler. Gurluşda nazary  taýdan dolandyrmagy aňsatlaşdyryp biljek adaty ýapyjylar hem ýok.
Häzirki wagtda diňe patent berlendigi we onuň ýanyna suratlaryň goşulandygy mälim. Taslama boýunça işjeň işlenýändigi tassyklanmady. Şeýle-de bolsa, çeşmäniň belleýşi ýaly, Koenigsegg geljekde taslama çynlakaý garamak kararyna geler.

şu gün 08:10
562

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
2.7k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
3.9k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......