Gün energiýasynda işleýän uçarmansyz enjam ilkinji gezek üznüksiz 73 sagat uçdy

  • 05.08.2025 21:47
  • 6.9k+

Gün energiýasynyň kömegi bilen işleýän uçarmansyz uçýan enjam Skydweller ilkinji gezek 73 sagatlyk gonuşsyz uçuşy amala aşyrdy. Bu barada ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleriniň Söweş hereketleri merkeziniň awiasion bölümçesiniň ýolbaşçylygynda Missisipi ştatyndaky Stennis aerodromyndan geçirilen synaglaryň netijesi boýunça habar berildi.

Synag uçarmansyz uçýan enjamyň ulanylyş mümkinçiliklerini we onuň gözleg ukyplaryny görkezdi. Enjam diňe Gün energiýasynyň hasabyna işleýär.
Skydweller dört propeller we ganatlarda oturdylan Gün batareýalary bilen enjamlaşdyryldy. Batareýalar daşyndan zarýad bermek zerurlygy bolmazdan, uçuş wagty energiýany üpjün edýär. Enjamyň ganatlarynyň gerimi 72 metre, agramy, takmynan, 2550 kilograma barabar.
Skydweller Aero kompaniýasy geljekde bu enjamyň üznüksiz uçup biljekdigini aýdýar.


09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

03.06.2026 23:03
7.2k+

Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

27.05.2026 15:35
4.1k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....