Aziýa ösüş banky Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça täze baş direktoryny belledi

  • 02.08.2025 17:19
  • 1.8k+

Aziýa ösüş banky (AÖB) Liýa Gutýerresi Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça Departamentiň baş direktory wezipesine belledi. Bu wezipede ozal Ýewgeniý Žukow işleýärdi.

Liýa Gutýerres häzirki wagtda AÖB-niň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça strategiýalarynyň durmuşa geçirilmegine ýolbaşçylyk edýär. Bu sebit 11 ýurdy - Türkmenistany, Owganystany, Ermenistany, Azerbaýjany, Gruziýany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Pakistany, Täjigistany, Türkiýäni we Özbegistany öz içine alýar.
Liýa Gutýerres Filippinleriň raýaty bolup, ABŞ-nyň Pensilwaniýa uniwersitetinde ykdysadyýet boýunça magistr we doktor derejesini aldy. Onuň 40 ýyldan gowrak hünär tejribesi bolup, şonuň 25 ýylyny Aziýa ösüş bankynda geçirdi. Täze wezipesine bellenmezinden öň, ol maliýe, adam maýasyny ösdürmek we döwlet dolandyryş ugurlary boýunça iş alyp barýan 3-nji sektorlar departamentine ýolbaşçylyk etdi. Mundan öň, Gutýerres AÖB-niň Ýuwaş ummanu sebitindäki işlerine-de ýolbaşçylyk etdi.
Türkmenistan bilen AÖB-niň hyzmatdaşlygy ulag, energetika, hususy pudagy goldamak we maýa goýum hyzmatdaşlygy ugurlaryny öz içine alýar. 2025-nji ýylda Türkmenistan AÖB-niň agzasy bolmagynyň 25 ýyllygyny belledi.


18.06.2026 09:55
827

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

17.06.2026 11:27
2.4k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

26.04.2026 09:48
2.3k+

Türkmenistan we ESCAP ulag, howa we sebit taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdy

Bangkokda geçirilen ESCAP-yň 82-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet komissiýanyň ýerine ýetiriji sekretary......