Tutuş dünýäde Samsung smart telewizorlarynda goşundylar işlemegini bes etdi

  • 01.08.2025 19:33
  • 4.9k+

Samsung smart-telewizorlarynda dünýä derejesindäki uly näsazlyk ýüze çykdy — ulanyjylar dürli programmalary, şol sanda Netflix, YouTube we Amazon Prime Video ýaly hyzmatlary açyp bilmändikleri barada habar berdiler.

Goşundylaryň menýuda görkezilýändigine garamazdan, olar açylmady we “202” belgili ýalňyşlyk habary peýda boldy. Bu kod adatça internet birikmesine degişli meseleleri görkezýär, emma köp ulanyjylar internetleriniň kadaly işleýändigini aýtdylar.
Samsung kompaniýasy näsazlygyň bardygyny tassyklady, ýöne onuň sebäpleri heniz resmi taýdan düşündirilmedi.
Soňlugy bilen näsazlygyň aradan aýrylandygy habar berildi. Käbir ulanyjylar üçin telewizory doly öçürip-ýakmak usuly kömek edipdir.


düýn 17:53
2.3k+

Täze Galaxy Z Fold7 ABŞ-da köp satylýan, Hindistanda bolsa ýetmezçilik edýän smartfon boldy

Samsung ABŞ-da Galaxy Z Fold7 smartfony üçin rekord mukdarda – Galaxy Z Fold hatarynyň öňki islendik modelinden köp deslapky sargytlary kabul edendigini habar berdi. Umuman alanyňda, Galaxy Z Fold7 we Galaxy Z Flip7 üçin deslapky sargytlar geçen ýylky görkezijilerden 25% ýokary boldy...

düýn 15:30
2k+

SMM-çiniň ýalňyşlygymy? Apple ýalňyşlyk bilen bäsdeşiniň smartfonyny mahabatlandyrdy

Apple-iň Hytaýyň Weibo sosial ulgamyndaky resmi akkaunty ýalňyşlyk bilen täze Samsung Galaxy Z Flip7 eplenýän smartfonynyň mahabat wideosyny hödürledi. Wideo tiz wagtdan aýryldy, ýöne ulanyjylar ýalňyşlyga üns berip ýetişdi we indi ol gülküli ýagdaýlaryň birine öwrüldi diýip, MacRumors ýazýar...

29.07.2025 12:42
10k+

Samsung Galaxy Z Fold7 smartfony berklik synagyndan geçdi

Samsung Galaxy Z Fold7 smartfony JerryRigEverything lakamy bilen belli bolan YouTube blogeri Zak Nelson tarapyndan geçirilen synagda ýokary berkligi görkezdi. Sypjyryklara çydamlylyk birneme gowşak boldy: daşky ekranda çyzyk yzlary Moos şkalasy boýunça 6-njy derejede peýda boldy, çeýe içki displeýiň gorag plýonkasy bolsa eýýäm gatylygy 2 bolan guralyň täsirinde çyzyldy...

25.07.2025 11:50
4.9k+

Samsung köne smartfonlary Galaxy Z Fold 7 bilen çalyşmak programmasyny giňeltdi: Pixel 9 goşuldy

Samsung ulanyjylaryň köne smartfonlaryny Galaxy Z Fold 7 smartfonyna çalyşmagy üçin trade-in programmasynyň şertlerini täzeledi. Çalşyp boljak gurluşlaryň sanawyna ozal programma girmeýän Pixel 9 hatary hem goşuldy...