Samsung Galaxy Z Fold7 smartfony berklik synagyndan geçdi

  • 29.07.2025 12:42
  • 11k+

Samsung Galaxy Z Fold7 smartfony JerryRigEverything lakamy bilen belli bolan YouTube blogeri Zak Nelson tarapyndan geçirilen synagda ýokary berkligi görkezdi.

Sypjyryklara çydamlylyk birneme gowşak boldy: daşky ekranda çyzyk yzlary Moos şkalasy boýunça 6-njy derejede peýda boldy, çeýe içki displeýiň gorag plýonkasy bolsa eýýäm gatylygy 2 bolan guralyň täsirinde çyzyldy. Şeýlelikde, esasy matrisa hatda dyrnagyň bilen hem zeper ýetirip boljak eken.
Gurluşyň korpusy alýuminden ýasaldy. Ol berk bolsa-da, ýiti predmetlere garşy durup bilmedi: sesi sazlaýyş düwmesi kanselýariýa pyçagynyň täsirinden soň ýerinden gaçdy. Şol bir wagtyň özünde, obýektiwleriň gorag örtügine zeper ýetmedi.

Şeýle-de, bloger gurluşyň tozana we çägä çydamlylygyny barlady. Smartfonyň IP48 goragyna (1 mm-den uly bölejiklerden gorag) eýedigine garamazdan, şarnir arassalygyna galdy – smartfony açanyňda we ýapanyňda jygyldy peýda bolmady.
Otly synag daşky ekranyň matrisada gara tegmil peýda bolýança 15 sekunt, içki ekranyň bolsa 10 sekunt oda çydaýandygyny görkezdi.
Bloger soňky döwmek synagynyň netijesine haýran galdy – smartfony ne ýygnalan görnüşde, ne açylan görnüşde döwmek başartdy, şarnir bolsa ters tarapa egreldeniňde-de bitin galdy.


23.03.2026 00:03
5.2k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...

21.02.2026 10:19
2.8k+

Samsung alty aýlyk arakesmeden soň Galaxy S25 we beýleki modellerde Google Play-i täzeledi

Samsung Galaxy enjamlarynyň ulanyjylary 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Google Play ulgamynyň täze täzelenmelerini alyp başladylar. Bu täzelenme köp sanly enjamlar, şol sanda flagman Galaxy S25 modeli üçin 2025-nji ýylyň iýulyndan bäri ilkinji wajyp düzediş boldy...

12.02.2026 17:41
5.7k+

Galaxy S26: Haçan çykýar we Samsung-yň täze flagmanlary barada nämeler belli?

​Samsung Hindistanda täze Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady. Maksatnama 24-nji fewrala çenli dowam eder, resmi tanyşdyrylyş dabarasy bolsa 25-nji fewralda San-Fransiskoda (Kaliforniýa, ABŞ) geçiriljek Galaxy Unpacked çäresiniň çäklerinde bolar...