Counter-Strike 2-de animasiýalar, sesler we kartalar üýtgedi

  • 31.07.2025 14:23
  • 3.8k+

29-njy iýulda Valve kompaniýasy Counter-Strike 2 üçin uly täzelenmeleriň birini çykardy. Esasy täzelik –AnimGraph2 atly täze animasiýalar ulgamy boldy. Onuň netijesinde birinji ýüzden bolup geçýän hereketler: ýarag çalyşmak, atyşyk we ýaragy doldurmak täzelendi.

Mundan başga-da, hereket wagty atyşygyň takyklygyny çaklamagyň mehanizmleri üýtgedildi. Overpass, Train we Inferno kartalarynda käbir obýektleriň dizaýnynda sähel üýtgeşmeler boldy. Ýaraglaryň käbir görnüşleri täze atyş sesine eýe boldy.
Täzelenmeleri görkezýän wideo Thour CS2 YouTube kanalynda ýerleşdirildi. Wideo üçin hukuk Valve kompaniýasyna degişli.
Täzelenme çykandan soň oýunda bökdençlikler peýda boldy, ýöne Valve ýalňyşlyklary aradan aýyrmak üçin derrew düzediş (hot-fiks) çykardy.

şu gün 11:17
2.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

şu gün 10:28
886

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

şu gün 09:56
1.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......